![](https://turkmengazet.com/wp-content/uploads/2025/01/hakyda-kitap-222-780x470.jpg)
Türkmen halky owal-ahyrda kitaba çuňňur sarpa goýýar. Kitap — dünýäniň syryny açýan gudrat. Türkmençilikde mukaddeslikleri ýüzüňe sylmak parz hasaplanýar. Kitabyň hem ýüze sylynmagy türkmen halkynyň oňa goýýan belent sarpasynyň nyşanydyr. Şoňa görä-de, Gahryman Arkadagymyzyň «Hakyda göwheri» atly kitabyny halkymyz uly buýsanç duýgulary bilen ýüze sylyp garşylady. Bu ajaýyp eser ýaş nesillerimiz üçin aýratyn gymmatly sowgat boldy.
Gahryman Arkadagymyzyň şöhratly geçmişimiz, milli taryhymyz barada beýan eden parasatly pikirleri, ylmy taýdan esaslandyrylan garaýyşlary biziň her birimiz, ylaýta-da, taryh ugrundan bilim alýan ýaşlar üçin nusgalykdyr. Milli Liderimiziň: «Ýollar we iller, ykballar we ahwallar, hadysalar we netijeler hakda pikir ýöredýärin. Şonda adamzat taryhyndaky iň gadymy medeni ojaklaryň hut şu topraklarda döräp, soňra töwereklere, sebitlere, dünýä ýaýrandygy hakyndaky hakykata buýsanýaryn. Dogrudanam, taryh şu ýerden başlanýar. Taryh şu ýerde dowam edýär» diýmek bilen, geçmiş taryhymyzy milli buýsanç esasynda beýan etmegi aýratyn bellenmäge mynasypdyr. Bu ganatly jümleleriň aňyrsynda Watana bolan söýgi, watançylyk ýaly iň kämil duýgular bar. Çünki milli taryha buýsanç watansöýüjiligiň baş çeşmesidir. Ähli eserlerinde ata Watany söýmegi, gözüň göreji deýin goramagy, eziz görmegi ündeýän Gahryman Arkadagymyzyň: «Ynsana öz Watanyny söýmekden uly bagt ýokdur. Iň belent söýgi Watan söýgüsidir» diýen sözleri hem bu günki türkmen ýaşlarynyň watançylyk senasy bolup ýaňlanýar.
Gahryman Arkadagymyzyň ensiklopedik maglumatlara baý bolan bu kitabynda Bürünç zamanynyň medeni ojaklary hasaplanýan Mary welaýatynda ýerleşýän Togalakdepe, Ajyguýy, Taýypdepe ýaly ýadygärlikler we şol ýadygärliklerde ýüze çykarylan arheologik tapyndylar barada giňişleýin beýan edilýär. Şeýle hem Marguş döwletiniň ýadygärliklerinden tapylan sungat eserleri şonuň ýaly-da, ýurdumyzda ýerleşýän täze Nusaý we köne Nusaý galasy barada söhbet açylyp, onda alymlaryň alyp baran ylmy we arheologik işleri, şeýle hem şol döwürde bu galalarda tapylan ritonlar, gymmatbahaly daşlar bilen bezelen şaý-sepler hakyndaky maglumatlar okyjyda uly täsir galdyrýar.
Milli Liderimiziň beýik şahsyýetlerimize goýýan bimöçber sarpasy bu kitabyň içinden eriş-argaç bolup geçýär. Gymmatly kitabynda Oguz han, Gorkut ata, Togrul beg we Çagry beg, Alp Arslan, Jelaleddin Meňburun, Görogly beg, Magtymguly Pyragy ýaly beýik şahsyýetlerimizi birin-birin ýatlamagy türkmen halkynyň Milli Lideriniň parasatly pederlerimize, taryhy şahsyýetlerimize goýýan iňňän uly hormat-sarpasyndan nyşandyr. Gahryman Arkadagymyz täze eserinde Magtymguly Pyragynyň döredijilik dünýäsi barada: «XVIII asyrda türkmen şahyry Magtymgulynyň milli şahyr hökmünde ykrar edilmegi dünýä edebiýaty üçinem entek doly açylmadyk täzelikdir» diýmek bilen, akyldar şahyrymyzyň eserleriniň umumadamzat gymmatyny açyp görkezýär. Munuň özi beýik şahyryň dürdäne eserleriniň ähmiýetine göz ýetirmekde we ony wagyz-nesihat etmekde «Hakyda göwheri» kitabynyň täze gözýetimleri açýandygynyň delilidir.
Gahryman Arkadagymyzyň paýhasyndan kemal tapan çuňňur many-mazmunly, taryhy maglumatlary hem-de şanly geçmişimizi dabaralandyrýan hekaýatlary özünde jemleýän kitaplaryny halkymyza yzygiderli sowgat bermegi biziň üçin gymmatly gollanma bolup durýar. Taryhy-medeni gymmatlyklardan söz açýan, «Hakyda göwheri» atly kitap Watanymyzyň her bir raýatynyň ýan kitabyna öwrüler. Gahryman Arkadagymyzyň durmuşda ýol-ýörelge görkezýän ajaýyp kitaplarynyň höwri köp bolsun!
Maral JUMAMYRADOWA,
Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň Pedagogika fakultetiniň 2-nji ýyl talyby.