Siziň üçin...

Dünýä lukmançylygynyň görnükli alymy

15-01-2025 / 40

Abu Aly ibn Sinanyň ömri Beýik Ýüpek ýolunyň ugrunda ýerleşen türkmen topragy, türkmen halkynyň taryhy bilen berk baglanyşyklydyr. Ibn Sina (Lukman Hekim) özüniň ýaşap geçen döwründe ýokary atlara mynasyp bolýar: «Hakykatyň güwäçisi», «Alymlarbaşy, beýik dana», «Arap Aristoteli», «Alymlaryň baştutany», «Kliniki farmakologiýanyň atasy», «Lukmançylygyň atasy».

Abu Aly ibn Sinanyň «Lukmançylyk ylmynyň kanunlary» atly uly göwrümli eserinde lukmançylygyň ähli nazary we amaly meselelerine degişli anyk maglumatlar getirilýär. Dünýä lukmançylyk mirasynyň özeni bolan «Lukmançylyk ylmynyň kanunlary» atly ylmy eser ýurdumyzda türkmen diline neşir edildi. Milli Liderimiz bu ajaýyp ynsanyň ömri we döredijiligi barada söz açyp: «Öz hünärim bilen baglylykda men gadymyýetiň beýik alymy ibn Sinanyň eserlerini gyzyklanmak bilen okadym. Meni bu adamyň gyzyklanmalarynyň çuňlugy we giňligi haýran galdyrdy. Ibn Sina diňe bir lukman hökmünde däl, eýsem filosof we akyldar hökmünde hem beýikdir» diýip, buýsanç bilen belleýär.

Gahryman Arkadagymyz «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly köp jiltli ylmy-ensiklopedik kitabynda: «Dünýä belli bolan we türkmen topragynda ýaşan Abu Aly ibn Sina ösümlik, haýwanat we mineral serişdeleriniň dermanlyk häsiýetleri barada ylmy işleri ýazypdyr. Şeýle hem olar dermanlyk ösümlikler bilen halk lukmançylygynyň binýadynda uzak wagtlap ösdürilen fitoterapiýa ylmynyň esasyny düzüpdir. Ibn Sina tarapyndan ýazga geçirilen çylşyrymly güllüler, saýawan güllüler, kösükliler we beýleki maşgalalara degişli ösümlikleriň köp görnüşleri derman taýýarlamak üçin netijeli çig mal hem-de gönüden-göni derman hökmünde ulanylýar. Ibn Sina bu babatda dermanlyk ösümlikleriň jikme-jik häsiýetnamasyny berýär we birnäçe keseller, şol sanda ýürek-gan damar keselleri bejerilen mahaly olaryň ulanylyşy barada söz açýar» diýip, belläp geçýär.

Ibn Sinanyň ylmy işleri Ýewropa ýurtlarynyň dillerine XII asyrdan başlap terjime edilipdir. Onuň «Lukmançylyk ylmynyň kanunlary» atly ensiklopedik eseri orta asyrlarda lukmanlaryň ýankitabyna öwrülipdir. Bu lukman-alymyň aýdyşyna görä «Lukmanyň üç ýaragy bardyr: sözi, ot-çöpi we pyçagy». Ol örän uly manyny, bizden öň ýaşap geçen alym lukmanlaryň aýdanlaryny şu gysgajyk sözlerde jemläpdir. Emma geň galdyrýan zat, bu sözleriň biziň günlerimizde hem öz manysyny ýitirmeýänligindedir.

Ruhy hem-de dünýägaraýşy boýunça ensiklopediýaçy alym ibn Sina özüniň köptaraplaýyn bilim derejesi we döredijilik işjeňligi boýunça haýrana goýýar. Abu Aly ibn Sina häzirki zaman dünýä lukmançylygynyň binýadyny döreden alym hasaplanýar.

Taýýarlan: Mehri AŞIROWA,
Lebap welaýat onkologiýa hassahanasynyň lukmany.

Ünsüňizi çekip biler

Başa dön tuşu