
Mekdebe çenli çagalar edaralar bilim ulgamynda çagalara bilim-
terbiýe bermegiň ilkinji hem-de iň wajyp basgançagy bolup durýar. Bu ýerde bellenen dersler boýunça işlenen ýörite okuw maksatnamalaryna laýyklykda ilkinji düşünjeler berilýär, başarnyklar we endikler kemala getirilýär. Bu iş çagalara terbiýe bermek bilen berk utgaşyklykda alnyp barylýar.
Çagalarda sözleýiş dilini ösdürmek kiçi ýaşlarynda has oňat ýüze çykýar. Şonuň üçin hem kiçi ýaşly çagalaryň duýgularyny oýarmakda, pikirlenmek ukyplaryny kemala getirmekde, olary akyl taýdan ösdürmekde sözleýiş diliniň ähmiýeti ünsi çekmäge we oňa aýratyn ähmiýet bermäge degişlidir. Ylmyň we tehnikanyň ösmegi, innowasiýanyň we sanly serişdeleriň giňden ulanylyp başlanmagy ösüp gelýän ýaş nesliň sözleýiş dili boýunça taýýarlygynyň ýokary bolmagyny talap edýär.
Çagalaryň mekdepde üstünlikli okamagy üçin olaryň irki ösüş döwrinden başlap alan bilimleriniň kesgitli derejede bolmagy talap edilýär. Şonuň üçin hem guralýan her bir sapakda çagalaryň öň alan düşünjeleriniň üsti yzygiderli ýetirilip durulmalydyr. Milli ýörelgelerimize we okuw-terbiýeçilik usulyýetine laýyklykda bolsa halk döredijiligi (ertekiler, rowaýatlar, sanawaçlar, matallar) çagalaryň sözleýiş başarnygynyň kemala gelmegine oňat täsirini ýetirýär. Bu asyrlaryň dowamynda kemala gelen milli terbiýeçilik hem sagdyn ösüş ugrunda gazanylan tejribäniň we ylmy pedagogikanyň tassyklamagynda hem şeýledir.
Häzirki wagtda bolsa ýurdumyzyň mekdebe çenli çagalar edaralarynda olary peýdalanyp, çagalaryň sözleýiş dilini ösdürmek uuslyýeti giňden peýdalanylýar. Bu metodika mekdepde hem mynasyp dowam etdirilýär. Mysal üçin, ertekilerdäki gahrymanlaryň üsti bilen berilýän düşünjeler çagalaryň ýadynda oňat galýar. Dürli häsiýetli gahrymanlaryň hereketleri çagalarda dogry dünýägaraýşyň kemala gelmegine, olaryň pikirlenmesiniň, ýadynyň ösmegine ýardam edýär. Ýadyň we düşünjäniň sagdyn kemala gelmegi bolsa pikiriňi dogry beýan etmäge itergi berýär. Çagalaryň çeper sözlemek we gürrüň bermek endiklerini kämilleşdirýär hem-de sözde beýan etmek ukyplaryny berkidýär. Ýa-da çagalar edebiýatynyň wekilleriniň goşgulary körpelere terbiýeçiler tarapyndan okalyp berilýär. Çünki şygryýet, isle, uly adam bolsun, isle, kiçi ýaşly çaga, olarda içki joşguny döredýär. Şahyrana döredijilikli aýdylýan zada gyzyklanmany hem-de höwesi oýarýar.
Şeýlelikde çagalar goşgyny özleri aýtmaga höweslenýär. Bentlerdäki sözler, kapiýalar we rifmalar bolsa diliň has kämil ösmegine, sagdyn hereketine, dürs beýan etmegine, sesleriň sazlaşykly we labyzly bolmagyna getirýär. Çaganyň sözleýşi her bir ders arkaly ösdürmegi, kämilleşdirmegi, baglanşykly sözläp bilmegi berk ýola goýmalydyr. Olaryň her bir sözi many we äheň taýdan dürs we dogry beýan etmegini gazanmak üçin bolsa, ulular dogry gürlemegi we dogry görkezmegi başarmalydyr. Şonuň üçin hem günüň dowamynda köp wagtyny çagalaryň ýanynda geçirýän terbiýeçilerdir beýlekiler milli söz sungatyna wepaly we edebi dilde gürlemegi başarmalydyr. Bu terbiýeçiniň döredijilik çemeleşmesi bilen sazlaşmaly we çagalaryň sagdyn sözleýişine oňyn täsirini ýetirmeli.
Terbiýeçiniň her bir maglumaty öwredende sözleýşiň täsirliligi çaganyň sözleýşi medeniýetiniň kemala gelmeginiň ösmeginine ýol açmalydyr. Sebäbi ösüp gelýän nesliň kämil binýadyny döretmek geljegiň röwşenligini gazanmakdyr.
Malika SABUROWA,
Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň Pedagogika fakultetiniň Psihologiýa-pedagogika bilimi hünäriniň magistranty.