Siziň üçin...

Okuw-terbiýeçilik işinde sanly serişdeleriň mümkinçiliklerini peýdalanmak

16-01-2025 / 78

Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ösüp gelýän ýaş nesliň berk bedenli, ruhubelent, sagdyn bolup ýetişmegi üçin ähli mümkinçilikler döredilýär. Şeýle ajaýyp mümkinçiliklerden peýdalanyp, milli bilim ulgamynda okuw-terbiýeçilik işleriniň many-mazmuny baýlaşdyrylýar, okatmagyň hili gowulandyrylýar, sanly ulgamyň mümkinçiliklerinden işjeň peýdalanylýar. 

Ýaşlara dünýä derejesinde bilim-terbiýe bermekde sanly bilim ulgamyna aýratyn orun degişlidir. «Türkmenistanda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň Konsepsiýasynyň» kabul edilmegi bolsa, bu ugurda alnyp barylýan işlerde has ýokary netijeleri gazanmaga mümkinçilik berýär. Şunuň esasynda, häzirki wagtda bilim edaralaryna maglumat-kommunikasiýa tehnologiýalary giňden ornaşdyrylýar. Bu tehnologiýalaryň ulanylmagynyň işjeňleşdirilmegi bilimiň hilini ýokarlandyrmaga we berilýän bilimleri yzygiderli berkitmäge ýardam edýär. Bilim edaralarynda elektron bilimi ýola goýmak we uzak aralykdan bilim tehnologiýalaryny peýdalanmak ösüşiň täze basgançagyna çykylmagyny üpjün edýär.

Çagalar ak mekdebiň gapysyndan ätlän ilkinji pursatlaryndan ellerine okuw üçin gerekli bolan programmalar bilen üpjün edilen kompýuterleri sowgat alýarlar. Bu bolsa ýaş nesilleriň hem-ä döwrebap tehnologiýalar bilen has içgin tanyşmagyna, hem-de geçýän okuw derslerini has täsirli özleşdirmegine kömek edýär.

Sanly bilim ulgamyny döretmek we ösdürmek üçin onuň tehniki we programma üpjünçiliginiň berjaý edilmegi zerurdyr. Munuň üçin, ilki bilen tor ulgamy döredilýär we ulgama serwer birikdirilmegi arkaly amala aşyrylýar. Ulgamda elektron görnüşli maglumatlar, ýagny, sapaklaryň ýazgylary, sowalnamalar, okuw kitaplary, gollanmalar, wideo ýazgylar, prezentasiýalar we suratlar ýerleşdirilýär. Serwerde gurnalan degişli operasion ulgam we programma üpjünçilikler arkaly sanly bilim portalynyň üsti bilen maglumatlar ulanyjylar köpçüligine ýetirilýär.

Sanly ulgamyň çygrynda bu günki günde sanly bilim düşünjesi hem örän giň ulanylyş gerimine eýe boldy. Onuň dürli häsiýetli aýratynlyklary bu günki günde multimediýa tehnologiýalarynda, programma üpjünçilikleri esasynda iş alyp barmakda, şeýle-de onlaýn internet resurslarynda ýüze çykmagyny dowam edýär. Sanly bilim taslamalarynyň hatarynda ýurdumyzda hereket edýän web-saýtlaryň öwredijilik aýratynlygy, olarda mugallymlaryň, şeýle-de ýaş öwrenijileriň öz bilim başarnyklaryny kämilleşdirmegine ýardam edýän maglumatlaryň ýetirilmegi hem sanly ulgam esasynda bilim almak şertleriniň özboluşly tarapydyr. Bu dünýä tejribesinde giňden ornaşdyrylýan mümkinçilik bolup, «e-learning» usulynda öwrenmek, ýagny öwrenijilere uzak aralykdan bilim almaga ýardam edýär, mugallymlara alyp barýan okuw hem-de terbiýeçilik, guramaçylyk işlerinde gollanma bolup hyzmat etjek bilimleri ýetirýär. Ylym-bilim ugruna ýöriteleşdirilen web-saýtlaryň mazmunynyň dürli zerur maglumatlara baý bolmagy olaryň sanly ulgamyň durmuşymyza giňden ornaşýan döwründe iň ykjam salgy bolmagyna getirýär.

Türkmenistanda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň Konsepsiýasyna laýyklykda, sanly jemgyýetiň we sanly ykdysadyýetiň bildirýän talaplaryndan ugur alnyp, her bir adamy durmuşa hemde hünär işine taýýarlamak üçin bilimiň ähli basgançaklary yzygiderli özgerdilýär. Sanly bilim gurşawynyň netijeli hereket etmegi üçin bilim edaralary internete birikdirilip, degişli serwerler, kompýuterler, interaktiw tagtalar, maglumataragatnaşyk tehnologiýalary, programmalar we beýleki enjamlar bilen üpjün edilýär. Bu infrastrukturany yzygiderli kämilleşdirmek wezipesi milli bilim syýasatynda ileri tutulýan möhüm ugurlara degişlidir. Şu nukdaýnazardan, «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda» ýurdumyzy ähli ugurlarda ösdürmek, şol sanda bilim edaralarynyň maddyenjamlaýyn binýadyny berkitmek we okatmagyň innowasion usullaryny ornaşdyrmak arkaly berilýän bilimiň hilini ýokarlandyrmak, mekdepleriň okuw-usuly taýdan üpjün edilişini gowulandyrmak bilen bagly hem anyk wezipeler kesgitlenildi.

Şeker SEÝITJANOWA,
Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň Pedagogika fakultetiniň Psihologiýa-pedagogika bilimi hünäriniň magistranty.

Ünsüňizi çekip biler

Başa dön tuşu