Siziň üçin...

Milli awiasiýanyň mümkinçilikleri artýar

16-01-2025 / 52

Ýurdumyzyň geografik taýdan amatly ýerleşmegini, ulag ulgamyndaky uly mümkinçiliklerini nazara almak bilen, multimodal ulag infrastrukturasynyň halkara standartlara laýyklykda ösdürilmegi Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň esasy ugurlarynyň biridir. Şoňa görä-de, ýurdumyzyň raýat awiasiýasynyň düzümleriniň döwrebaplaşdyrylmagy we iň täze enjamlar bilen üpjün edilmegi ulag ulgamynda tapgyrlaýyn durmuşa geçirilýän giň gerimli maksatnamalaryň aýrylmaz bölegidir.

“Türkmenistanyň raýat awiasiýasyny ösdürmegiň 2030-njy ýyla çenli Milli maksatnamasy” bu ulgamda innowasion tehnologiýalary, öňdebaryjy inženerçilik-tehniki pikirleri, dünýäniň iň gowy tejribesini peýdalanmaga gönükdirilendir. Hormatly Prezidentimiziň hemmetaraplaýyn goldawlary netijesinde paýtagtymyzda we ýurdumyzyň welaýatlarynda häzirki zaman tehnologiýalary bilen enjamlaşdyrylan döwrebap howa menzilleri gurlup ulanmaga berilýär, dünýäniň öňdebaryjy öndürijileriniň täze awiatehnikalarynyň satyn alynmagynyň hasabyna milli howa flotumyzyň üsti ýetirilýär we yzygiderli döwrebaplaşdyrylýar.

Ýeri gelende bellesek, hormatly Prezidentimiziň döredip berýän giň mümkinçilikleriniň netijesinde, ýurdumyzyň raýat awiasiýasynyň üsti täze ýolagçy howa gämileri bilen ýetirilýär. Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň «Türkmenhowaýollary» agentligine «Boeing» kysymly howa gämilerini satyn almak üçin şertnamalary baglaşmaga ygtyýar bermek barada Türkmenistanyň Prezidentiniň gol çeken degişli Kararlaryna laýyklykda, 2023-nji ýylyň 4-nji dekabrynda «Boeing 777-300ER» kysymly täze ýolagçy uçarlarynyň birinjisiniň, 2024-nji ýylyň 5-nji ýanwarynda bolsa ikinjisiniň Aşgabat Halkara howa menziline gelip gonmagy hem munuň aýdyň mysallary boldy. Bu howa gämileri ýokary tygşytlylygy, rahatlyk babatda oňaýlylygy bilen tapawutlanyp, 368 ýolagça niýetlenendir. Olardaky ýolagçy orunlarynyň 40-sy biznes, 32-si premium-ekonom, 296-sy bolsa ekonom-klasa degişli. Iki sany «GE90-115BL2» görnüşli hereketlendiriji ornaşdyrylan bu uçarlaryň uçuş uzaklygy 11 müň 390 kilometre deň bolup, olar 40 tonna çenli agramly ýük bilen halkara gatnawlary bökdençsiz ýerine ýetirip bilýärler.

Daşary ýurt awiakompaniýalarynyň üstaşyr uçuşlar we uçarlaryň ýangyjynyň üstüni dolmak üçin ýurdumyzyň howa giňişligini peýdalanmaga bolan gyzyklanmalary barha artýar. Howa gatnawlarynyň işjeňligi hem yzygiderli ösýär, çünki şol kompaniýalar Ýewropa bilen Aziýanyň arasyndaky has gysga, iň täze dolandyryş, nawigasiýa tehnikalary bilen enjamlaşdyrylan ugurlar boýunça hereket etmegi ileri tutýarlar.

Şeýlelikde, durnukly ulag ulgamyny ösdürmek babatda Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlan we hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow tarapyndan üstünlikli durmuşa geçirilýän, häzirki döwrüň möhüm meselelerini çözmäge gönükdirilen döwlet syýasaty durnukly sebit hem-de ählumumy ösüşe hil taýdan täze itergi bermäge ukyply toplumlaýyn üstaşyr ulag, logistik düzümleriň döredilmegine saldamly goşant goşýan Bitarap Türkmenistanyň halkara strategiýasy bilen sazlaşykly utgaşýar.

Gülşat OMAROWA,
Türkmenistanyň Inžener-­tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň Ulaglar fakultetiniň howa ulagynda gatnawlary guramak we dolandyrmak hünäriniň 5-nji ýyl talyby.
Halypa mugallym: Serdar ÖWLÝAKULYÝEW.

Ünsüňizi çekip biler

Başa dön tuşu