Siziň üçin...

Sagdyn jemgyýet — berk binýat

15-01-2025 / 46

Beýik ösüşlere beslenýän zamanamyzda Gahryman Arkadagymyzyň hem-de döwlet Baştutanymyzyň tagallalary bilen halkymyzyň bagtyýar we abadan durmuşyny üpjün etmek ugrunda netijeli işler üstünlikli durmuşa geçirilýär. Şunda saglygy goraýyş ulgamyny yzygiderli ösdürmekde amala aşyrylýan maksatnamalar ýurdumyzda ynsan saglygynyň döwletiň iň gymmatly baýlygy hökmünde möhüm orun eýeleýändiginiň aýdyň subutnamasydyr. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda saglygy goraýyş ulgamynda gazanylan üstünlikler bolsa her birimizi buýsandyrýar.

Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň ilkinji ýyllarynda lukman Arkadagymyzyň ýolbaşçylygynda işlenip düzülen hem-de bu günki günde hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary bilen üstünlikli durmuşa geçirilýän «Saglyk» Döwlet maksatnamasynyň hem-de beýleki giň gerimli durmuş-ykdysady maksatnamalaryň amala aşyrylmagy esasynda ulgamyň mümkinçilikleri has-da artýar. Geçen ýylda «Türkmenistanda fiziologiýa ylmyny ösdürmegiň 2024 — 2028-nji ýyllar üçin Milli maksatnamasynyň» hem-de şu Maksatnamany amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň Meýilnamasynyň, «Türkmenistanda lukmançylyk sagaldyş-dikeldiş çäreleriniň 2024 — 2028-nji ýyllar üçin Milli strategiýasynyň» hem-de şu Milli strategiýany amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň Meýilnamasynyň, «Türkmenistanyň immuno-öňüni alyş boýunça 2024 — 2028-nji ýyllar üçin Milli maksatnamasynyň» hem-de şu Maksatnamany amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň Meýilnamasynyň tassyklanylmagy ynsan saglygyny goramagyň esasy wezipeleriň biri hökmünde kesgitlenendiginiň ýene bir aýdyň güwäsi boldy.

Häzirki ajaýyp döwrümizde ýurdumyzyň saglygy goraýyş edaralarynyň işi kämilleşdirilip, täze lukmançylyk edaralary, derman serişdelerini öndürýän kärhanalar gurlup, saglygy goraýşyň milli nusgasy döredilýär. Şunuň bilen baglylykda, geçen ýylda paýtagtymyzda 400 orunlyk Halkara sagaldyş-dikeldiş merkezi we 250 orunlyk Halkara fiziologiýa ylmy-kliniki merkezi açylyp ulanmaga berildi. Ýurdumyzda «Arkadag Medisina Klasteri Menejment» kärhanasynyň döredilmegi bilen, dürli görnüşli lukmançylyk serişdeleriniň önümçiliginiň ýola goýulmagy biz ― saglygy goraýyş ulgamynyň işgärleriniň we mähriban halkymyzyň göwün guşuny ganatlandyrýar.

Ýeri gelende bellesek, geçen ýylda paýtagtymyzda Arçabil şaýolundan başlap, Halkara saglyk merkezleri müdiriýetiniň Halkara kardiologiýa merkezine barýan 1970-nji köçäniň durky doly täzelenip, «Kalbyň şypasy» atly binasy açyldy. Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň güni mynasybetli, bu köçäniň adyna belli germaniýaly kardiohirurg, lukmançylyk ylymlarynyň doktory, professor Hans Maýsneriň ady dakyldy. Munuň özi möhüm taryhy wakadyr.

Adamlaryň saglygy hakyndaky alada ilkinji nobatdaky wezipe hökmünde garaýan we durmuşymyzyň ähli ugurlary bilen bir hatarda, saglygy goraýyş ulgamynyň ösmegi, kämilleşmegi üçin ähli şertleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyzyň hem-de hormatly Prezidentimiziň janlary sag, ömürleri uzak, alyp barýan tutumly işleri hemişe rowaç bolsun!

Mamagül RAHMEDOWA,
Lebap welaýat onkologiýa hassahanasynyň onkoginekolog lukmany.

Ünsüňizi çekip biler

Başa dön tuşu