Siziň üçin...

Türkmenistan — parahatlyk, ynanyşmak Watany!

14-01-2025 / 286

Täze taryhy döwrümizde Gahryman Arkadagymyzyň hem-de hormatly Prezidentimiziň tagallalary bilen ýurdumyzyň parahatçylyk söýüjilik, dost-doganlyk ýörelgeleri esasynda alyp barýan syýasaty dünýä bileleşiginiň giň goldawyna mynasyp bolýar. Şoňa görä-de, 2025-nji ýylyň dünýäde hem-de Türkmenistanda «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edilmegi aýratyn ähmiýete eýedir.

Mälim bolşy ýaly, 2025-nji ýylda ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllyk baýramy uludan belleniler. Bu sene hoşniýetli daşary syýasatymyzyň üstünliklerini dünýä ýaýýan ajaýyp baýramçylykdyr. Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylymyz hem şeýle şanly sene bilen utgaşyp, şanly wakalara, uly üstünliklere beslener. Şunuň bilen baglylykda, golaýda Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly geçirilen mejlisinde hormatly Prezidentimiziň gol çeken Permanyna laýyklykda, bu şanly ýyl mynasybetli çäreleri ýokary derejede geçirmek boýunça guramaçylyk döwlet topary döredildi. 9-njy ýanwarda bolsa Gahryman Arkadagymyzyň bu toparyň ilkinji mejlisini geçirmegi, onda birnäçe guramaçylyk meselelerine, şol sanda ýubileý medalynyň we ýadygärlik nyşanynyň taslamasyny taýýarlamak, ýylyň şygary bilen bagly bezeg işlerini geçirmek, sowgatlyk önümleri öndürmek, halkara çärelere gatnaşmagy göz öňünde tutulýan daşary ýurt wekiliýetleriniň sanawyny anyklamak ýaly meselelere garalyp, ýylyň çäreleriniň konsepsiýasyny taýýarlamak barada karara gelindi. Guramaçylyk döwlet toparyna Türkmenistanyň Halk Maslahaty ýolbaşçylyk edýär.

Hemişelik Bitaraplygymyzyň mukaddes Garaşsyzlygymyzy we onuň gazananlaryny pugtalandyrmakda, parahatçylyk söýüjilik, hoşniýetli goňşuçylyk, dost-doganlyk ýörelgelerini öňe sürýän Diýarymyzyň dünýäniň syýasy giňişligindäki at-abraýyny, şan-şöhratyny yzygiderli berkitmäge giň mümkinçilikleri döredýändigini buýsanç bilen nygtap bileris. Munuň özi ýurdumyzyň gazanýan köpugurly ösüşlerinde hemişelik Bitaraplygymyzyň möhüm ornuny aýratyn nygtamaga mümkinçilik berýär.

Parahatçylyk taglymlary hakda oýa çümeniňde, Milli Liderimiziň «Parahatçylyk sazy, dostluk, doganlyk sazy» kitaby, «Ýaşasyn parahat durmuş!», «Dowam bolsun!», «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» atly goşgulary buýsanjyňy artdyrýar. Bu kämil eserler Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanymyzyň parahatçylyk söýüjilikli syýasatyny açyp görkezýär.

Mäkäm bolsun halklaryň dost-doganlyk köprüsi,
Ýazylsyn, giň ýazylsyn agzybirlik suprasy,
Tämiz niýet, ýagşy päl — budur dünýäň gudraty,
Giň dünýäniň hakyna belent maksat tutany —
Türkmenistan — parahatlyk, ynanyşmak Watany!

Gahryman Arkadagymyzyň bu ajaýyp setirleri «Ösüş arkaly parahatçylyk» ýörelgesine pugta eýerýän agzybir halkymyzyň parahatçylygy we ynsanperwerligi dabaralandyrmak baradaky arzuwlarynyň çeper beýanydyr. Hemişelik Bitaraplygymyzyň giň mümkinçiliklerini şunuň ýaly döwletli tutumlar bilen dabaralandyrýan Milli Liderimiziň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, belent başlary aman bolsun, dünýä ähmiýetli beýik maksatlary elmydama rowaçlyklara beslensin!

Atajan JORAÝEW,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň Halkara hukugy fakultetiniň 4-nji ýyl talyby.

Ünsüňizi çekip biler

Başa dön tuşu