Siziň üçin...

Beýik döwrüň täze sahypasy

12-01-2025 / 42

Mälim bolşy ýaly, 2025-nji ýylyň ýurdumyzda «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edilmegi hormatly Prezidentimiziň Milletler Bileleşiginde öňe süren möhüm halkara başlangyçlary bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr. Şoňa görä-de, hormatly Prezidentimiziň ýakynda gol çeken Permanyna laýyklykda, 2025-nji ýylyň «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edilmegi we Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy mynasybetli çäreleri ýokary derejede geçirmek boýunça guramaçylyk döwlet topary döredildi. 

Milli Liderimiziň hem-de hormatly Prezidentimiziň tagallalary bilen türkmen halkynyň gadymdan gelýän parahatçylyk söýüjilik, ynsanperwerlik ýörelgeleri bu günki döwlet syýasatymyzyň özenine siňendir. 2025-nji ýylymyzyň «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýip yglan edilmegi hem şunuň bilen baglanyşyklydyr.

2025-nji ýyly döwrebap atlandyrmakda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň ýiti zehininden, jöwher paýhasyndan dörän «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» atly ajaýyp goşgynyň çuňňur many-mazmunyna aýratyn üns berlip, Milli Liderimiziň gymmatly maslahatlaryna eýerildi. Türkmenistanyň başlangyjy bilen BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan «2025-nji ýyl — Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» atly Kararnamanyň biragyzdan kabul edilendigi göz öňünde tutuldy. Hormatly Prezidentimiziň ýylyň şygary hem-de nyşany baradaky teklibi goldap, 2025-nji ýyly «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýip yglan etmegi biziň her birimiziň başymyzy göge ýetirdi.

Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda Garaşsyz Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy giňden bellenilip geçiler. Bu günki türkmen döwletiniň Bitaraplyk hukuk derejesine daýanyp, dünýäniň döwletleri, abraýly halkara guramalar bilen Ýer ýüzünde parahatçylygyň, ählumumy howpsuzlygyň, durnukly ösüşiň bähbidine birek-birege ynanyşmak, deňhukukly hyzmatdaşlyk ýörelgelerine esaslanýan dostlukly gatnaşyklary ýola goýmakda toplan gymmatly syýasy tejribesiniň bütin adamzat üçin örän ähmiýetlidigini ýene bir gezek mälim eder. Halkymyz üçin örän möhüm bolan bu şanly ýyl hem zähmet ýeňişleriniň, beýik işleriň we täze taslamalary amala aşyrmagyň döwri bolar.

Hormatly Prezidentimiz Täze ýyl gutlagynda: «Hoşniýetli arzuw-umytlar bilen garşy alýan täze ýylymyz hem uly rowaçlyklaryň, täze üstünlikleriň ýyly bolar. Bu belent sepgitlere ýetmekde halkymyzyň gujur-gaýratyna, tutanýerli zähmetine bil baglaýarys» diýip belledi. Biz hem öňde goýlan belent maksatlaryň myrat tapmagyna goşant goşmakda yhlasymyzy gaýgyrmarys. Pursatdan peýdalanyp, Gahryman Arkadagymyzy hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzy, ähli watandaşlarymyzy 2025-nji ýylymyzyň döwrebap atlandyrylmagy bilen tüýs ýürekden gutlaýarys!

Ilýas ÝULDAŞOW,
TDP-niň Köýtendag etrap komitetiniň başlygy.

Ünsüňizi çekip biler

Başa dön tuşu