Siziň üçin...

Oba hojalygy: möhüm özgertmeler, wajyp wezipeler

12-01-2025 / 26

Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň başlangyçlary bilen oba hojalygynda ýaýbaňlandyrylan giň gerimli özgertmeleriň netijesinde, milli ykdysadyýetimiziň bu möhüm pudagy ösüşiň hil taýdan täze derejesine çykdy, ony düýpli üýtgedip guramaga kanuny esaslar döredildi. Häzirki wagtda oba hojalygyny ylmy esasda alyp barmak boýunça hem uly işler amala aşyrylýar. Dünýäniň ösen tehnologiýalary, ylmyň we tehnikanyň, öňdebaryjy tejribäniň gazananlary ata-babalarymyzyň ekerançylykda asyrlarboýy toplan tejribesi bilen utgaşdyrylyp, önümçilige giňden ornaşdyrylýar.

Daýhan üçin suw, ýokary hilli tohum bereketli hasyl öndürmegiň esasy çeşmesidir. Oba hojalyk ministrliginiň däneçilik, ekerançylyk we pagtaçylyk ylmy-barlag institutlarynyň döredilmegi, oba hojalyk ekinleriniň tohumçylyk merkeziniň açylmagy daýhanlary bu möhüm serişdeler bilen doly derejede üpjün etmäge mümkinçilik berýär. Döwlet Baştutanymyzyň kabul eden Kararyna laýyklykda, Ylmy-barlag däneçilik, Ylmy-barlag ekerançylyk, Ylmy-barlag pagtaçylyk institutlarynyň döredilmegi ýurdumyzyň obasenagat toplumynda amala aşyrylýan özgertmeleri hil taýdan täze derejelere çykarýar.

«Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda» we 2028-nji ýyla çenli döwür üçin Oba milli maksatnamasynda kesgitlenen wezipelere laýyklykda, ýurdumyzyň oba hojalyk önümçiligini köpugurly esasda ösdürmek, däneçilik, pagtaçylyk, gök ekerançylyk, maldarçylyk, guşçulyk ýaly ugurlar boýunça degişli gatlaklary döretmek, möhüm önüm öndürijileriň, gaýtadan işleýänleriň hem-de hyzmat düzümleriniň arasynda netijeli gatnaşyklary ýola goýmak meselelerine uly ähmiýet berilýär. Hormatly Prezidentimiziň tagallalary bilen kuwwatly tehnikalar satyn alynýar, gowaçanyň, bugdaýyň we beýleki ekinleriň has ýokary hasylly, kesellere çydamly görnüşleriniň döredilmegine giňden goldaw berilýär. Ýygnalan hasyly kabul etmek hem saklamak, gaýtadan işlemek üçin täze elewatorlar, ammarlar, kärhanalar gurlup ulanmaga berilýär.

Ýurdumyzyň obasenagat toplumynyň düzümleriniň hem-de hyzmat edýän pudaklaryň tehniki taýdan enjamlaşdyrylmagy, döwrebaplaşdyrylmagy, elewatorlaryň, gaýtadan işleýän kärhanalaryň, mineral dökünleri öndürýän zawodlaryň, suw hojalyk desgalarynyň gurulmagy, dünýäniň öňdebaryjy önüm öndürijileriniň ýerli toprak, howa şertlerine laýyk gelýän ýokary öndürijilikli tehnikalarynyň yzygiderli satyn alynmagy göwnejaý hasylyň ýetişdirilmegine, bugdaý, pagta, şaly öndürmek boýunça uly zähmet ýeňişlerini gazanmaga mümkinçilik berýär. Täze eýýamda döredilen oňaýly şertlerden peýdalanýan daýhanlarymyz ene topraga yhlas etmegiň, ýerden bol hasyl alyp, Watanymyzyň beýik ösüşlerine goşant goşmagyň, azyk bolçulygyny mundan beýläk-de üpjün etmegiň ýakymly aladalary, begenji hem buýsanjy bilen ýaşaýarlar.

«Döwlet adam üçindir!», «Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýen ajaýyp ýörelgelerimize laýyklykda, netijeli durmuş-ykdysady syýasaty üstünlikli durmuşa geçirýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň hem-de hormatly Prezidentimiziň janlary sag, ömürleri uzak bolsun!

Firuza DOSÇANOWA,
Türkmen oba hojalyk institutynyň Agronomçylyk fakultetiniň 3-nji ýyl talyby.

Ünsüňizi çekip biler

Başa dön tuşu