Siziň üçin...

Il saglygy ― ýurt baýlygy

11-01-2025 / 51

Gahryman Arkadagymyzyň hem-de döwlet Baştutanymyzyň tagallalary bilen halkymyzyň bagtyýar we abadan durmuşyny üpjün etmek ugrunda netijeli işler üstünlikli durmuşa geçirilýär. Şunda saglygy goraýyş ulgamyny yzygiderli ösdürmekde amala aşyrylýan maksatnamalar ýurdumyzda ynsan saglygynyň döwletiň iň gymmatly baýlygy hökmünde möhüm orun eýeleýändiginiň aýdyň subutnamasydyr.

«Saglyk» Döwlet maksatnamasynyň hem-de beýleki giň gerimli durmuş-ykdysady maksatnamalaryň amala aşyrylmagy esasynda saglygy goraýyş ulgamynyň mümkinçilikleri has-da artýar. Geçen ýylda «Türkmenistanda fiziologiýa ylmyny ösdürmegiň 2024 — 2028-nji ýyllar üçin Milli maksatnamasynyň» hem-de şu Maksatnamany amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň Meýilnamasynyň, «Türkmenistanda lukmançylyk sagaldyş-dikeldiş çäreleriniň 2024 — 2028-nji ýyllar üçin Milli strategiýasynyň» hem-de şu Milli strategiýany amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň Meýilnamasynyň, «Türkmenistanyň immuno-öňüni alyş boýunça 2024 — 2028-nji ýyllar üçin Milli maksatnamasynyň» hem-de şu Maksatnamany amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň Meýilnamasynyň tassyklanylmagy ynsan saglygyny goramagyň esasy wezipeleriň biri hökmünde kesgitlenendiginiň ýene bir aýdyň güwäsi boldy.

«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda paýtagtymyzda 400 orunlyk Halkara sagaldyş-dikeldiş merkezi we 250 orunlyk Halkara fiziologiýa ylmy-kliniki merkezi açylyp ulanmaga berildi. Ýurdumyzda «Arkadag Medisina Klasteri Menejment» kärhanasynyň döredilmegi bilen, dürli görnüşli lukmançylyk serişdeleriniň önümçiliginiň ýola goýulmagy biz ― saglygy goraýyş ulgamynyň işgärleriniň we mähriban halkymyzyň göwün guşuny ganatlandyrýar. Mundan başga-da, 2024-nji ýylda Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäherinde buýan kökünden glisirrizin turşusyny öndürýän kuwwatly kärhana hem-de Mary welaýatynyň arassaçylyk we keselleriň ýaýramagyna garşy göreşmek gullugynyň täze binasy gurlup ulanmaga berildi.

Geçen ýylda hünär baýramçylygy mynasybetli saglygy goraýyş ulgamynyň öňdebaryjy işgärleriniň birnäçesine hormatly Prezidentimiziň Permany bilen döwlet sylaglary gowşurylyp, Şa serpaýlary ýapyldy. Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly köp jiltli ylmy-ensiklopedik kitabynyň XVI jildiniň tanyşdyrylyş dabarasy boldy. Ýeri gelende bellesek, geçen ýylda paýtagtymyzda Arçabil şaýolundan başlap, Halkara saglyk merkezleri müdiriýetiniň Halkara kardiologiýa merkezine barýan 1970-nji köçäniň durky doly täzelenip, «Kalbyň şypasy» atly binasy açyldy. Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň güni mynasybetli, bu köçäniň adyna belli germaniýaly kardiohirurg, lukmançylyk ylymlarynyň doktory, professor Hans Maýsneriň ady dakyldy. Munuň özi möhüm taryhy wakadyr.

Milli saglygy goraýyş ulgamymyzyň ösmegi, kämilleşmegi üçin ähli şertleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyzyň hem-de hormatly Prezidentimiziň janlary sag, ömürleri uzak bolsun!

Gülşat KAZAKOWA,
Lebap welaýat onkologiýa hassahanasynyň lukmany.

Ünsüňizi çekip biler

Başa dön tuşu