Siziň üçin...

«Parahatlyk geljege iň mukaddes mirasdyr»

11-01-2025 / 33

Ynsanyýet ömrüniň dowamynda beýik maksatlara ýetmek üçin dyngysyz gözlegde, hereketde bolýar. Beýik maksatly ynsanyň arzuw-umytlaryny amala aşyrmagyň iň uly güýji — asudalyk we parahatlyk. Şu nukdaýnazardan, 2025-nji ýylyň “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” diýlip atlandyrylmagy aýratyn ähmiýete eýedir.

Parahatçylyk barada Gahryman Arkadagymyz «Parahatçylyk sazy, dostluk, doganlyk sazy» atly ajaýyp kitabynda şeýle belleýär: «Häzirki döwürde türkmen halkynyň milli aýratynlyklary döwletiň içeri we daşary syýasatynyň derejesinde öz beýanyny tapdy. Olaryň esasynda parahatçylygy söýüjiligi ykrar edýän mizemez ahlak kadalary hem-de ýörelgeleri berkidildi».

Görnüşi ýaly, parahatçylygy, asudalygy özüne ýol-ýörelge edinen eziz Watanymyz 1995-nji ýylyň 12-nji dekabrynda onlarça döwletiň goldamagynda hemişelik Bitaraplyk derejesine eýe boldy. 2015-nji ýylyň 3-nji iýunynda bolsa türkmen Bitaraplygy BMG-niň Baş Assambleýasynyň 69-njy mejlisinde 193 döwletiň goldamagynda ikinji gezek Kararnama bilen ykrar edildi. Taryhy taýdan gysga möhletiň içinde berkarar döwletimiz özüniň Bitaraplyk hukuk derejesine daýanyp, dünýäniň köp döwletleri we abraýly halkara guramalary bilen dünýäde parahatçylygyň, ählumumy howpsuzlygyň we durnukly ösüşiň hatyrasyna dostlukly, birek-birege ynanyşmak, deňhukukly hyzmatdaşlyk ýörelgelerine esaslanýan gatnaşyklary ýola goýmagyň gymmatly tejribesini toplady.

Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda hemişelik Bitaraplyk derejesine eýe bolmagymyzyň şanly 30 ýyllygynyň gabat gelmegi agzybir halkymyza täzeden-täze ösüşleri gazanmaga, belent maksatlara ýetmäge itergi berýär. Bu şanly senäni halkymyz hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda uly dabaralara, taryhy wakalara besläp belläp geçer.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe döwlet Baştutanymyzyň parasatly öňdengörüjiligi bilen çuňňur many-mazmuna baý şygary özüne mynasyp at edinen 2025-nji ýylyň ilkinji aýyny halkymyz dostluk-doganlyk gatnaşyklary berkitmek, halkara we dünýä derejesine laýyk işleri amala aşyrmak bilen başlady. Geljekde-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary bilen ýurt Garaşsyzlygymyzyň hem-de baky Bitaraplygymyzyň binýady has-da berkär. Umumadamzat bähbitli beýik işleri durmuşa geçirýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza köp sagbolsun aýdýarys.

Jumamuhammet SÄHEDOW,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň Halkara ykdysady gatnaşyklary fakultetiniň 3-nji ýyl talyby.

Ünsüňizi çekip biler

Başa dön tuşu