Siziň üçin...

Sanly ykdysadyýet — batly ösüşiň guraly

10-01-2025 / 38

Häzirki ajaýyp döwrümizde ýurdumyzyň ähli ugurlaryny yzygiderli ösdürmek bilen bir hatarda, milli ykdysadyýetimizi döwrebaplaşdyrmak, önümçilik we hyzmatlar ulgamyna ylmy we innowasion täzelikleri giňden ornaşdyrmak wezipeleri boýunça maksatnamalaýyn işler durmuşa geçirilýär. Sanly ykdysadyýetiň ösdürilmegi ýurtda ýokary öndürijiligi üpjün etmäge we uzak möhletleýin ykdysady ösüşi gazanmaga itergi berýär. 

Häzirki zaman dünýäsinde tehnologiýalar örän tizlik bilen özgerýär, iň kämil nusgalar kemala gelýär. Tehnologiýalaryň özgermegi, kämilleşmegi onuň ylmy esasda öwrenilmegine we döwür bilen aýakdaş gitmäge mümkinçiligi artdyrýar. Şunda elektron senagatynyň pugtalandyrylmagy, hünärmenleriň aň-bilim derejesiniň ýokarlanmagy, maglumat-aragatnaşyk serişdeleriniň iň täze gazananlary aýratyn many-mazmuna eýedir. Ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň ähli pudaklarynda maglumat-aragatnaşyk tehnologiýalarynyň işjeň ornaşdyrylandygy sanly ykdysadyýetiň ösdürilmegine özüniň oňyn täsirini ýetirýär.

Aslynda, «sanlylaşdyrmak» düşünjesiniň özi harytlaryň önümçiligini we hyzmatlaryň dolandyrylyşyny döwrebap intellektual tehnologiýalardan peýdalanmak arkaly kämilleşdirmegiň täze tapgyryny göz öňünde tutýar. Ykdysadyýeti sanly ulgama geçirmegiň esasy sebäbi döwlet dolandyryşyny, maliýe ulgamyny, lomaý we bölek söwdany, jemagat-durmuş hyzmatlaryny öz içine alýan gurşawyň ösmegi bilen baglydyr.

Sanly ykdysady strategiýanyň esasy ugurlary «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynda» we «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda» aýdyň şöhlelenýär. Bu strategiýa halk hojalygynyň düýpli özgerdilmegini, ykdysadyýetiň diwersifikasiýalaşdyrylmagyny we sanlylaşdyrylmagyny, bazar ykdysadyýetiniň we döwlet kadalaşdyrylyşynyň netijeli sazlaşdyrylmagyny, iň täze tehnologiýalaryň we innowasiýalaryň önümçilige giňden ornaşdyrylmagyny, ýurduň dünýä hojalyk gatnaşyklaryna işjeň goşulyşmagyny, halkyň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň yzygiderli ýokarlandyrylmagyny göz öňünde tutýar.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ykdysadyýetimizi köpugurly ösdürmek we halk hojalygynyň geljegi uly ugurlaryny has-da kämilleşdirmek göz öňünde tutulýar. Hususan-da, senagat pudagyny häzirki zaman dünýä tejribesi esasynda döwrebaplaşdyrmak we oňa daşary ýurt maýa goýumlaryny giňden çekmek, innowasion tehnologiýalara esaslanýan täze önümçilikleri ýola goýmak we elektron senagaty kämilleşdirmegi dowam etmek ýaly wezipeler ileri tutulýar. Garaşsyz, hemişelik Bitarap ýurdumyzyň ykdysady kuwwatynyň barha pugtalandyrylmagy ugrunda beýik işleri durmuşa geçirýän Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun!

Goçmyrat PENJIÝEW,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň Halkara ykdysady gatnaşyklary fakultetiniň 3-nji ýyl talyby.

Ünsüňizi çekip biler

Başa dön tuşu