Siziň üçin...

Usuly işler kämilleşdirilýär

Pedagogik işgärleriň ýanwar usuly-amaly okuwlary

10-01-2025 / 49

Şu günler ýurdumyzyň bilim ulgamynda pedagogik işgärleriň hünär derejesini ýokarlandyrmaga, tejribeleri alyşmaga, öňdebaryjy iş usullaryny öwrenmäge gönükdirilen pedagogik işgärleriň ýanwar usuly-amaly okuwlary geçirilýär.

Biz hem mekdebe çenli çagalar edaralarynyň bilim-terbiýeçilik işgärleri hökmünde bu okuwlara işjeň gatnaşýarys. Ýeri gelende bellesek, çagalar bakja-baglarynyň bakja toparlarynda iş alyp barýan terbiýeçiler bilen hem bu okuwlar netijeli guraldy. Onda degişli temalar boýunça çykyşlar edildi, pedagogik işgärler temalary esasynda eden çykyşlaryny giňişleýin beýan edip, sanly görkezme serişdeleri arkaly hem öz kärdeşleri bilen tejribelerini paýlaşdylar.

Bakja toparlarda terbiýelenýän körpejeleri sagdyn ruhda terbiýelemegiň häzirkizaman ýörelgeleri, halkara tejribesiniň ähmiýeti, sapaklary guramagyň usuly aýratynlyklary bilen bagly maglumatlary özleşdirmekde, pedagogikanyň täze usullaryna döredijilikli çemeleşmeleri öwrenmekde ähmiýetli bolan bu usuly-amaly okuwyň dowamlylygy ýatda galyjy boldy.

Ýurdumyzda körpe nesilleriň duýgy taýdan, aň we fiziki babatda sagdyn ösmegi, olaryň irki ösüşiniň we mekdebe taýýarlygynyň netijeli alnyp barylmagy üçin ähli mümkinçilikler döredilýär. Şol sanda sapaklaryň okadylmagynyň usulyýetiniň kämilleşdirilmegi, sanly bilim ulgamynyň ösdürilmegi, bilim-terbiýeçilik işgärleriniň hünär taýýarlygynyň kämilleşdirilmegi hem üns merkezinde saklanýar. Bu sazlaşykly mümkinçilikler bolsa biziň her birimizi begendirip, zähmete  bolan buýsanjymyzy artdyrýar, kämil nesilleriň kemala gelmegine itergi berýär.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe halkymyza şeýle uly mümkinçilikleri döredip berýän, ajaýyp eserleri we halypalyk mekdebi bilen belent görelde görkezýän Arkadagly Gahryman Serdarymyza hem-de Alym Arkadagymyza egsilmez alkyşlar aýdýarys!

Gülşirin SOLTANOWA,
Türkmengala etrabynyň 4–nji çagalar bakja-bagynyň terbiýeçisi.

Ünsüňizi çekip biler

Başa dön tuşu