Siziň üçin...

Köp dil bileniň dosty köp

10-01-2025 / 36

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary bilen ýurdumyzyň dünýä halklary bilen dostana gatnaşyklary barha ösýär. Şoňa görä-de, ösüp gelýän ýaş nesle döwrebap bilim-terbiýe bermek, hünär öwretmek, ylaýta-da, daşary ýurt dillerini öwretmek zerurlyga öwrüldi.

Bilim edaralarynda daşary ýurt dilleriniň öwredilmegi halklary, döwletleri ýakynlaşdyrýar, dostlaşdyrýar, ysnyşykly hyzmatdaşlygyň alnyp barylmagyna oňyn şert döredýär. Şoňa görä-de, pederlerimiz: «Dil bilen dünýäni gezer» diýen parasatly pähimi döredipdirler hem-de ýaşlarymyza bir ene dilimizi däl, eýsem, beýleki halklaryň dilini öwrenmekligi hem ündäpdirler. Ata-babalarymyzdan gelýän bu asylly ýörelgeler Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe has-da rowaçlanýar.

Häzirki döwürde ýaşlar bilim ojaklarynda daşary ýurt dillerini kämil derejede öwrenýärler. Ýurdumyzda üç we ondan-da köp dil bilýänleriň sany barha artýar. Biz muňa welaýatymyzda alnyp barylýan işleriň mysalynda hem aýdyň göz ýetirýäris. Welaýat merkezimizde, şeýle-de etraplarymyzda daşary ýurt dillerine ýöriteleşdirilen mekdepler bolup, olarda ýaşlara diňe bir iňlis, rus dilleri öwredilmän, eýsem, hytaý, nemes, ýapon, pars, arap, fransuz dilleri hem ýörite dilçi mugallymlar tarapyndan öwredilýär. Okuwçylaryň düşünjelerini yzygiderli baýlaşdyrmaklary üçin daşary ýurt dillerini öwrenişlerine ünsli gözegçilik edilýär. Şonuň ýaly gözegçilik edilende daşary ýurt dilleriniň üsti bilen çagalaryň sözlemleri dogry, labyzly äheň bilen okamaklaryny, okalan tekstiň mazmunyna düşünmeklerini, ony yzygiderli, baglanyşykly gürrüň bermeklerini gazanmaklyga oňaýly mümkinçilikler döreýär.

Sapagy gyzykly guramak üçin mugallym gürrüňleri diňlemek, tekst okamak, ýat tutmak, gürrüň  bermek ýaly ýumuşlara üns berýär. Sapakda mowzugyň öňe sürýän meselesini dogry suratlandyrmak, anyk aýtmak, sebäp görkezmek bilen baglanyşykly sözlemler düzdürilýär. Bu usul okuwçynyň pikirlenmek ukybyny güýçlendirýär. Bilim edaralarynda okuwçylara daşary ýurt dillerini öwretmekde ýörite taýýarlanylan okuw gollanmalaryndan başga-da, gysga we sada dilde ýazylan çeper eserleriň ähmiýeti örän uludyr. Mugallym okuwçynyň dünýägaraýşyny, düşünjesini giňeldýän, bilesigelijiligini oýarýan, dil öwrenmeklige gyzyklanma döredýän çeper eserleri saýlap alýar.

Sapakda okatmagyň häzirki zaman usullaryndan peýdalanmak bolsa, okuwça  tabşyrylan ýumuşa gözegçiligi amala aşyrmaga ýardam berýär, okuw işini dolandyrmagyň çeýeligini üpjün edýär. Şonuň ýaly-da multimedia tehnologiýasynyň üsti bilen  okuwçylara öwredilýän daşary ýurt diliniň ýurduna degişli birnäçe maglumatlary ýetirmäge mümkinçilik berýär. Bu bolsa sapagyň täsirliligini has-da artdyrýar.

Okuw otagyndaky  interaktiw tagta sapagy  döwrüň talaplaryna laýyk guramaklyga ýardam edýär. Okuw kitaplarynyň, gollanmalarynyň, görkezme esbaplarynyň ýerlikli saýlanylyp alynmagy bolsa, iňlis dilini öwretmekde örän peýdalydyr.  Daşary ýurt dillerini öwretmekde okuwçylaryň ýadyna-da uly orun degişlidir. Psihologlar ýat tutmagyň erkin we erkin däl görnüşleriniň barlygyny belleýärler. Daşary ýurt dillerini öwretmekde erkin däl ýat peýdalydyr. Diňe aýratyn sözleri, goşgulary, eserlerden parçalary erkin ýat tutup  bolar. Okuwçylaryň dil hakyndaky düşünjeleri we başarnyklary, esasan hem, dil gönükmelerinde kemala gelýär. Olaryň gepleşik başarnyklary bolsa, sözleýiş gönükmeleriniň ýerine ýetirilmeginiň dowamynda ösýär. Şonuň üçin-de sapagyň dowamynda dil hem sözleýiş başarnyklarynyň we endikleriniň bir wagtyň özünde, aýrylmaz baglanyşykda bolmalydygyna uly üns berýäris. Okuwçylara daşary ýurt dilindäki matallarydyr ýaňyltmaçlary, kiçi göwrümli goşgulary  ýatdan öwredýäris. Bu bolsa, olara sözleýişi öwrenmekde örän peýdalydyr.

Ýaşlaryň ylymly, bilimli, giň dünýägaraýyşly bolup ýetişmekleri ugrunda beýik işleri durmuşa ornaşdyrýan türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun!

Merjen ABDULLAÝEWA,
Lebap welaýatynyň Çärjew etrabyndaky 11-nji orta mekdebiň iňlis dili mugallymy.

Ünsüňizi çekip biler

Başa dön tuşu