
Täze taryhy döwrümizde ýaş nesilleriň irki ösüşi we mekdebe taýýarlygy, milli ruhda terbiýelenmegi ugrunda ähli mümkinçilikler we şertler döredilýär. Garaşsyz Diýarymyzda mekdebe çenli çagalar edaralarynyň işini kämilleşdirmäge berilýän üns hem bu ugurda bellenilmäge mynasypdyr. Bagtyýar körpeleriň wagtlarynyň şadyýanlyga, her pursatynyň many-mazmuna beslenýän terbiýe ojagy bolan çagalar bakja-baglarynda alnyp barylýan işleriň döwrüň ruhy bilen kämilleşdirilýändigi bolsa has-da buýsandyryjydyr. Şunda aýdym-saz sapaklaryna aýratyn orun degişlidir.
Biziň çagalar bakja-bagymyzda aýdym-saz sapagynyň guralyşy, oňa çagalaryň höwes bilen gatnaşmaklary aýratyn bellärliklidir. Bu ýerde sapaklar tejribeli mugallymlara berkidilýär. Mugallymlarymyza çagalara aýdym-saz bilen bagly ilkinji düşünjeleri öwredýärler. Olar çagalaryň zehinini ritmleriň üsti bilen barlaýar. Ritm kakuwlaryny duýup bilýän çaganyň eýýäm bu ugra höwesiniň we başarnygynyň bardygy hakynda mugallym belleýär. Ol çagalar bilen işlemegiň aýratyn işdigini, olaryň wagtlarynyň şadyýan geçmegini gazanmak üçin özüň hem körpeler bilen deň derejede bolmalydygyny, şolaryň dilinde gürlemelidigini we olaryň iň gowy görýän adamlary bolmalydygy hakynda aýratyn nygtaýar. Şeýle usul bolsa bu çagalar bakja-bagynyň terbiýeçileriniň, mugallymlarynyň esasy iş usullary bolup durýar.
Aýdym-saz körpeleriň sözleýiş hem hereket ediş endiklerini kämilleşdirmekde aýratyn ähmiýete eýedir. Şunda orta, uly we mekdebe taýýarlaýyş toparlarda saz gurallarynda saz çalmagy öwretmek işiniň usullaryny özleşdirmek möhüm talap bolup durýar. Kiçilikden çagalara ýekelikde saz çalmagy öwretmek hem zerurdyr. Biz çagalara aýdym-sazlary öwredenimizde milli oýunlarymyzdan hem ýerlikli peýdalanýarys. Çaganyň ýaş aýratynlyklary esasynda sazly-sazlaşykly hereketleri oýunlaryň üsti bilen öwredip, gowy netijeleri gazanmak bolýar.
Çagalar bakja-bagymyzda okuw-terbiýeçilik, usulyýet-guramaçylyk işlerini maksadalaýyk alyp barmakda döwlet Maksatnamalaryndan, bilim ulgamyny döwrebaplaşdyrmak ugrunda kabul edilýän Konsepsiýalardan, kadalaşdyryjy hukuk namalaryndan ugur alýarys. Bu ugurda Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň eserlerini ýol-ýörelgämiz hasaplap, esasy gollanmalarymyz hökmünde peýdalanýarys.
Çagalaryň mynasyp terbiýelenmegi, zamanabap sowat öwredilmegi ýaly işlere terbiýeçileriň, aýdym-saz ýolbaşçylarynyň, daşary ýurt dili mugallymlarynyň öz wezipe borçlaryna laýyk yhlasly zähmet çekmäge çemeleşýändikleri bellärliklidir. Çagalaryň sagdyn ösmegi, irki ösüşiniň we mekdebe taýýarlygynyň gazanylmagy, milli ruhda terbiýelenmegi babatda köpçülikleýin işlere, çärelere, köpugurly bäsleşiklere taýýarlanmak hem esasy maksatlarymyzyň biri bolmagynda galýar. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýaş nesilleriň bilim-terbiýeli bolup ýetişmegi, kämilleşmegi üçin giň mümkinçilikleri döredip berýän Alym Arkadagymyzyň hem-de hormatly Prezidentimiziň janlary sag, belent başlary aman bolsun!
Köpel REÝIMOW,
Daşoguz şäheriniň 16-njy çagalar bakja-bagynyň aýdym-saz ýolbaşçysy.