Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda ylymly-bilimli ýaş nesilleriň kemala gelmegine, döredijilik bilen meşgullanmagyna, hünäre ugrukdyrylmagyna we täze başlangyçlarynyň goldanylmagyna uly ähmiýet berilýär.
Ýurdumyzyň umumybilim berýän orta mekdeplerinde alnyp barylýan işlerde, okuw sapaklarymyzda, geçirilýän bäsleşiklerde biz muňa aýdyňlygy bilen göz ýetirýäris. Sapaklarymyzdan daşary dürli bäsleşiklere we çärelere gatnaşýarys, goşmaça bilim alýarys.
Häzirki wagtda bolsa mekdep okuwçylarynyň arasynda okuw dersleri boýunça geçirilýän ylmy-döredijilik (taslama) bäsleşigine ynsanperwer ugur boýunça taýýarlyk görýäris.
Türkmen dili we edebiýat, jemgyýetçilik, taryh ýaly okuw derslerinde öwrenenlerimizi özleşdirip, milli sözleýiş dilimizi ösdürmäge bagyşlanan taslama işimizi alyp barýarys. Biz bu işimizde saýlan temamyza laýyklykda türkmen diliniň jemgyýetçilik ösüşine ýetirýän täsirini, dünýä dilleriniň arasynda meşhurlygyny artdyrmagyň usuly ýörelgelerini beýan edýäris. Çünki Gahryman Arkadagymyz: «Biziň baý, şahyrana dilimiz bar. Bu biziň halkymyzyň kalbynyň baýlygyndan, şahyranalygyndan habar berýär, çünki dilde milletiň kalby ýaşaýar. Dil halkyň milli durkunyň, ruhy ýaşaýşynyň, arzuw-telwaslarynyň, örtenmeleriniň, duýgularynyň beýanydyr» diýip belleýär. Alym Arkadagymyzyň bu sözleri biziň milli dilimize bolan buýsanjymyzy artdyryp, bu ugurdaky bilimleri has netijeli öwrenmäge ruhlandyrýar. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň biz ― ýaşlar üçin döredip berýän mümkinçilikleri bolsa sapaklarymyzy has gowy okamaga we öwrenmäge höweslerimizi artdyrýar.
Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda hem täze üstünlikler bilen bilimlerimizi berkitmäge, hünär öwrenmäge döredip berýän ajaýyp mümkinçilikleri üçin Alym Arkadagymyza hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyza egsilmez alkyşlar aýdýarys!
Aýgözel ATAMYRADOWA,
Mary şäheriniň iňlis dili we ynsançylyk ugurly okuw dersleri çuňlaşdyrylyp öwredilýän ýöriteleşdirilen welaýat mekdebiniň okuwçysy.