Siziň üçin...

Parahatçylygyň we parasatyň beýany

08-01-2025 / 15

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň hözirini görüp ýaşaýan bagtyýar halkymyz kalplarda kelama öwrülen beýik Pyragynyň şygryýet dünýäsini şygar edinen 2024-nji «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylyny üstünlikli jemläp, Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllyk şanly toýunyň halkara derejesinde giňden belleniljek täze, 2025-nji ― Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylyna uly arzuwlar we ýagşy umytlar bilen gadam basdy. Munuň özi parahatçylygyň we parasatyň sazlaşykly beýanyny emele getirýär.

Hemmämiziň bilşimiz ýaly, 2024-nji ýylyň Türki medeniýetiň halkara guramasy ― TÜRKSOÝ tarapyndan «Türki dünýäsiniň beýik şahyry we akyldary Magtymguly Pyragy ýyly» diýlip yglan edilmegi, beýik şahyrymyzyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanan çäreleriň 2024 — 2025-nji ýyllarda Birleşen Milletler Guramasynyň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasy ― ÝUNESKO bilen bilelikde bellenilip geçiljek çäreleriň halkara sanawyna girizilmegi nusgawy şahyrymyza, ýurdumyzyň içeri we daşary syýasatyna dünýä möçberinde goýulýan belent sarpanyň aýdyň nyşanydyr.

Üstünlikli tamamlanan «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň «Änew — müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet», «Magtymguly — dünýäniň akyldary» hem-de türkmen halkynyň Milli Lideriniň «Hakyda göwheri» atly taryhy kitaplarynyň elimize gowuşmagy ýylymyz üçinem, il-günümiz üçinem gymmatly serpaýdyr. Şöhratly taryhymyzdan, baý edebi hem medeni mirasymyzdan söz açýan, geljekki ösüşleriň ruhy binýadyny berkidýän bu eserler ýaş nesillerimiz üçin hem gymmatly çeşme bolup durýar.

Parahatçylyk taglymlary hakda oýa çümeniňde, ozaly bilen, dünýäde ykrar edilen Milli Liderimiziň «Parahatçylyk sazy, dostluk, doganlyk sazy» kitaby, «Ýaşasyn parahat durmuş!», «Dowam bolsun!» goşgulary hakydaňa dolýar. Bu kämil eserler biziň şu günki Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanymyzyň parahatçylyk söýüjilikli berk syýasatyny açyp görkezýär. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň Mejlisi 2025-nji ýyly «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýip atlandyrmak hakynda karary kabul etdi. Bu taryhy çözgüt taýýarlanylanda Gahryman Arkadagymyzyň ýiti zehininden, jöwher paýhasyndan döräp, baky Bitaraplyk hukuk derejämiziň çuňňur mazmunyny, umumadamzat ähmiýetini şahyrana dilde beýan edýän «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» atly ajaýyp goşgusyna, şeýle-de Milli Liderimiziň gymmatly maslahatlaryna esaslanylmagy her birimiziň buýsançly başymyzy has-da belende göterýär.

Şu ýyl ýurdumyz Bitaraplyk hukuk derejesiniň 30 ýyllyk taryhy senesini çawy dünýä doljak dürli derejeli dabaralar arkaly giňden belläp geçer. Goý, täze ýyl asudalygyň, bagtyň höküm sürjek ýyly bolsun! Ata Watanymyzyň halkara abraýyny barha pugtalandyrýan türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, belent başlary aman bolsun, döwletli işleri mundan beýläk-de rowana ýollarda rowaçlyklara beslensin!

Ogulmaral BABAÝEWA,
Murgap etrabyndaky 13-nji çagalar bakja-bagynyň müdiri, ilkinji Zenanlar guramasynyň başlygy.

Ünsüňizi çekip biler

Başa dön tuşu