
Häzirki wagtda psiho-emosional bozulmalaryň emele gelmegini “Asyryň keseli” diýip bahalandyrýarlar. Eýýäm şu asyryň başynda psiho-emosional (PEM) sferadaky näsazlyklar iň möhüm lukmançylyk we durmuş-ykdysady meseläniň derejesine ýetdi. Başga bir görkeziji bolsa bu meseläniň çynlakaýlygy barada aýdýar: dünýäde takmynan 150 million adam PEM bozulmalary sebäpli işlemek ukybyny ýitirýär. PEM bozulmalary üçin ulanylýan dermanlar Ýewropada iň köp satyn alynýan dermanlardyr. Şunuň bilen baglylykda, bu barada degişli makala giňişleýin pikir ýöretmegi makul bildik.
Meşhur alym-lukmanlar Aşgabat Artyknurowiç Nohurowyň hem-de Artyknur Nohurowyň “Psihiatriýa we narkologiýa” atly kitabynda emosiýalara şeýle kesgitleme berilýär: “Emosiýalar – bu daşky ýa-da içki täsirlere jogap reaksiýasydyr. Ol oňyn (položitel) ýa-da oňaýsyz (otrisatel) bolup biler. Emosiýalar gaýgyny, ýigrenji, şatlygy, söýgini bildirýän duýgular bolup, adam durmuşynda uly ähmiýete eýedir”.
Lukmançylykdan mälim bolşy ýaly, ähli psihiki hadysalar emosiýalar bilen bilelikde geçýär. Ýerine ýetirýän işine bolan garaýşa görä, ýadawlyk dürli wagtda ýüze çykyp bilýär. Eger iş gyzyklanma döretse, ýadawlyk has gijiräk ýüze çykýar. Adama hemişe birnäçe daşky we içki gyjyndyryjylar täsir edýär. Gyjyndyryjyla ryň häsiýetine we bedeniň ýagdaýyna baglylykda keýp üýtgäp durýar.
Şu ýerde PEM bilen baglylykda ulanylýan käbir adalgalary hem belläp geçmek ýerlikli bolsa gerek. Meselem, emosiýalaryň güýçli ýüze çykmagyna (ýigrenç, begenç, gam-gus sa, gorky) affekt diýilýär. Psihiki bozulma, aň bulaşmasy bol
mazdan ýüze çykýan güýçli täsire berilýän güýçli reaksiýa fiziologiki
affekt diýilýär. Haçan-da ujypsyzja täsire juda güýçli reaksiýa berlip, ol psihiki bozulma, aň bulaşmasy bilen utgaşanda, oňa patologiki affekt diýilýär.
Nerw-psihiki bozulmalar durmuşda dürli ýagdaýlaryň — tebigy betbagtçylyklaryň, maşgaladaky oňşuksyzlygyň, maddy gymmatlyklaryň ýitgisiniň we şulara meňzeş beýleki hadysalaryň netijesinde ruhy sarsgynlygyň emele gelmegi bilen döreýär. Olaryň öňüni almakda maşgalanyň, dogan-garyndaşlaryň orny uludyr. Wagtynda ruhy taýdan goldaw we bejergi berilmese, ýüze çykan bozulmalaryň gün geçdigiçe çuňlaşyp, newrozlara, reaktiw häsiýetli psihotiki derejeli üýtgemeleriň döremegine getirmeginiň mümkindigini olaryň dykgatyna ýetirýäris. Degna ulgamynyň rahatlygyny gazanmak üçin Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly ensiklopedik işinde beýan edilýän dermanlyk ösümliklerden peýdalanmagy hem maslahat berýäris. Mysal üçin, siňren, şirguýruk, narpyz, adaty boýbodran, alyç, arguwan, ajyýowşan, alma agajynyň gabygy atylyp demlenen çaýlaryň rahatlandyryjy häsiýeti uludyr.
Ruhy sarsgynlygyň öňüni almakda we bejermekde sagdyn durmuş ýörelgeleriniň, sport we bedenterbiýe bilen yzygiderli meşgullanmagyň orny örän uludyr.
Bahargül MEREDOWA,
Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň Psihiatriýa, narkologiýa we medisina psihologiýasy kafedrasynyň assistenti.