Siziň üçin...

Talyp ýaşlary ylma gönükdirmegiň psihologiýasy

06-01-2025 / 59

Nusgawy şahyrymyz Magtymguly Pyragy adamzadyň ýaşaýşynda ylymly-bilimli bolmagyň ähmiýetini belläp, «Nesihatym uly ile ylymdyr» diýmek bilen, halkymyza bu ugurdan öz paýyny almagy nesihat edipdir. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe dana akyldarymyzyň paýhas siňen setirlerini ýörelge edinýän halkymyz, aýratyn hem, ýaşlar ylma jemgyýetçilik ösüşiniň kuwwatly hereketlendiriji güýji hökmünde garaýar.

Ýurdumyzyň ylmyny hil taýdan täze, dünýäniň ösen döwletleriniň derejesine çykarmak, ylmy barlaglaryň hem-de tehniki işläp taýýarlamalaryň netijeliligini ýokarlandyrmak, olary jemgyýetiň we döwletiň wajyp meselelerini çözmäge gönükdirmek — bularyň ählisi hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzyň alymlarynyň, ylmy jemgyýetçiliginiň öňünde goýýan belent wezipeleridir. Şoňa görä-de, talyp ýaşlary ylma gönükdirmek baş wezipeleriň hatarynda kesgitlenendir.

«Türkmen diliniň düşündirişli sözlüginde» ylym iki manyda häsiýetlendirilýär. Birinjisi, ylym tebigatyň, jemgyýetiň we pikirlenmäniň ösüşindäki kanunalaýyklyklar hakyndaky bilimler ulgamy we daşky dünýä täsir ediş ýollary, şeýle hem bilimleriň aýry-aýry pudaklary hökmünde aňladylyp, onda ylmyň nämedigine we ugurlaryna umumy häsiýetnama berilýär. Şunuň bilen baglylykda, orta asyr alymlarynyň ylyma «kalby janlandyrýan zat» hökmündäki garaýyşlary hakyky ylmyň kalpda döreýändigini tassyklaýar. Görnükli hytaý akyldary Konfusiniň: «Ýüregiň isleýän işi bilen meşgullansaň, hiç wagt işlemeli bolmarsyň» diýen sözleri göwnäp, aňa, kalba geňeşilip edilen işiň onuň eýesi üçin ýeňil bolýandygyny aňladýar.

Ykdysady ösüşde öňdäki orunlary eýelemegi ylym-bilimi ösüşleriň çeşmesine öwren ýurtlara başardýandygyny dünýä statistikasynyň maglumatlary, şeýle-de geçirilen ylmy barlaglaryň netijeleri aňryýany bilen subut edýär. Mysal üçin, ilkinji nobatda bellesek, ýaşlaryň hünär bilim derejesiniň 1 göterim ýokarlanmagynyň jan başyna düşýän jemi içerki önümiň ösüş depgininiň 3-5 göterim artmagyna getirýändigi halkara bilermenler tarapyndan bellenilýär. Şeýle-de ykdysady taýdan ösen döwletlerde ykdysadyýetiň ösüş depgininiň 70-80 göteriminiň işgärleriň hünär başarnyklaryny kämilleşdirmegiň hasabyna gazanylýandygy baradaky maglumatlar ylym-bilimiň täze gymmatlygy döredýän serişde bolup durýandygyny görkezýär. Munuň özi, ikinji tarapdan, talyp ýaşlary ylma gönükdirmegiň psihologiýasyny hem aýdyň ýüze çykarýar.

Şeýlelikde, türkmen alymlarynyň ýaş neslini kemala getirmek ugrunda köp işleriň amala aşyrylýan eýýamynda ylmyň ykdysady, durmuş we ahlak taraplaryna seredip geçmek onuň amaly ähmiýetine, şeýle-de onuň ylym bilen meşgullanýanyň – alymyň dünýägaraýşyna we gymmatlyklar ulgamyna edýän täsirine has çuň düşünmäge mümkinçilik berýär.

Ýaşlar dünýä ölçeglerine laýyk bilim almak, ylym öwrenmek bilen, döwletimiziň ykdysady, syýasy, medeni durmuşyna mynasyp goşant goşýarlar. Häzirki döwürde täze tehnologiýalardan baş çykarýan hünärmenleriň täze nesli kemala gelýär. Ähli babatda medeniýetli nesiller hökmünde kemala gelip, jemgyýetimiziň ösmegine mynasyp goşantlarymyzy goşmak we Watanymyzyň, bagtyýar halkymyzyň hatyrasyna zähmet çekmek biziň üçin uly bagt hem perzentlik parzydyr.

Merjen MAKGYÝEWA,
Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň Pedagogika fakultetiniň Psihologiýa-pedagogika bilimi hünäriniň magistranty.

Ünsüňizi çekip biler

Başa dön tuşu