Siziň üçin...

Bagtyýarlyk saglykdan başlanýar

03-01-2025 / 48

Saglygy goraýyş ulgamy jemgyýetiň iň wajyp sütünleriniň biridir. Raýatlaryň saglygyny goramak we durmuş derejesini ýokarlandyrmak ugrunda alnyp barylýan işler her bir döwletiň ösüş derejesiniň möhüm görkezijileriniň biri bolup durýar. Şunda ýurdumyzda bu pudagy ösdürmegiň, maddy-üpjünçilik binýadyny pugtalandyrmagyň çäklerinde häzirki zaman innowasion tehnologiýalaryň gazananlaryndan netijeli peýdalanylýandygyny aýratyn bellemek gerek.

Welaýatlarymyzda we paýtagtymyzda döwrüň kämil lukmançylyk enjamlary bilen enjamlaşdyrylan hassahanalar, saglyk merkezleri dürli keselleriň irki döwürde anyklanmagyna, şeýle hem ýokary derejeli bejergi almaga şert döredýär. Şonuň bilen bir hatarda, ilatyň arasynda sagdyn durmuş ýörelgelerini giňden wagyz etmek, ýokanç keselleriň ýaýramagynyň öňüni almak, raýatlaryň bu ugurdaky sowatlylygyny ýokarlandyrmak boýunça hem ençeme işler üstünlikli durmuşa geçirilýär.

Häzirki ajaýyp döwrümizde ýurdumyzyň saglygy goraýyş edaralarynyň işi kämilleşdirilip, täze lukmançylyk edaralary, derman serişdelerini öndürýän kärhanalar gurlup, saglygy goraýşyň milli nusgasy döredilýär. Şunuň bilen baglylykda, geçen ýylda paýtagtymyzda 400 orunlyk Halkara sagaldyş-dikeldiş merkezi we 250 orunlyk Halkara fiziologiýa ylmy-kliniki merkezi, Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäherinde buýan kökünden glisirrizin turşusyny öndürýän kuwwatly kärhana hem-de Mary welaýatynyň arassaçylyk we keselleriň ýaýramagyna garşy göreşmek gullugynyň täze binasy açylyp ulanmaga berildi.  Munuň özi biz ― saglygy goraýyş ulgamynyň işgärleriniň we mähriban halkymyzyň göwün guşuny ganatlandyrýar.

Ýurdumyzyň saglygy goraýyş pudagynyň ösüşinde halkara hyzmatdaşlygyň aýratyn orun eýeleýändigini bellemek gerek. Döwletimiziň dünýäniň iri guramalary bilen hyzmatdaşlyk etmegi netijesinde iň täze lukmançylyk tejribeleri we innowasiýalary ulgamyň işine üstünlikli ornaşdyryldy. Şeýle tejribeleriň esasynda diňe bir ilata döwrebap saglyk hyzmatlaryny etmek däl, eýsem, lukmançylyk ugurly önümçiliklerde hem netijeli ösüşler gazanyldy. Muňa anyk mysal hökmünde Arkadag şäherinde döredilen Arkadag şäheriniň lukmançylyk klasterini görkezmek bolar. Bu ýerde saglygy goraýyş ulgamynda gündelik ulanylýan lukmançylyk serişdeleriniň dürli görnüşleriniň önümçiligi ýola goýuldy. Arkadag şäheriniň lukmançylyk klasterinde lukmançylyk tehnologiýasyny we serişdelerini işläp taýýarlamakda, bu ugurda döwrebap bilim bermekde, raýatlaryň saglygyny goramak işleri boýunça iň kämil dünýä tejribelerinden peýdalanylýar.

Narjemal RÜSTEMOWA,
Lebap welaýat onkologiýa hassahanasynyň lukmany.

Ünsüňizi çekip biler

Başa dön tuşu