Siziň üçin...

Çagalaryň sözleýşindäki kemçiligi düzetmek işiniň guralyşy

30-12-2024 / 96

Çagalaryň dürs sözleýşini kämilleşdirmek, sözleýişdäki kemçiligi düzetmek işi esasy wezipeleriň hatarynda durmak bilen, bu işe çagalar baglaryndan başlamak möhümdir. Okuw maksatnamasyna laýyklykda, mekdebe çenli çagalar edaralarynda sözleýiş dilini ösdürmegiň mazmuny çagalara sözleriň manysyna düşünmek, sözi sözlem içinde ulanyp, dogry sözläp bilmek, harplary ýazyp we okap bilmek başarnyklaryny terbiýelemekden ybaratdyr. 

Garaşsyz döwletimizde ösüp gelýän ýaş nesliň terbiýesine örän uly üns berlip, bu möhüm mesele bilen bagly tutumly işler bitirilýär. Ýurdumyzda sözleýiş dilinde kemçiligi bolan çagalar üçin niýetlenen ýöriteleşdirilen mekdebe çenli çagalar edaralary hereket edýär. Olaryň esasy maksady sözleýiş taýdan şikesli, sesleri nädogry aýdýan çagalaryň sözleýiş ukyplaryny, endiklerini düzetmekden ybaratdyr. Şeýle hem sözleýşinde kemçilik bolup gelen çagalar alty ýaşy dolýança sözleýşi düzedilip, mekdebine taýýarlanylýar.

Mekdebe çenli çagalar baglarynda çagalaryň sözleýiş dilini ösdürmekde çeper eserleri (erteki, hekaýa), goşgulary labyzly aýtdyrmak, dürli oýunlary oýnamak, suratlar bilen işlemek, tebigata gezelenç guramak ýaly usullardan peýdalanmak maksadalaýykdyr. Çagalaryň sözleýiş dilini ösdürmek işi ähli sapaklarda we olardan daşary guralýan usuly işlerde dowam etdirilmelidir, sebäbi her bir sapakda daş-töwerekdäki bolýan hadysalar çagalaryň aňynda şöhlelenip, olaryň sözleýiş diline täsir edýär.

Çagalaryň sözleýiş dilini ösdürmekde ene dilini öwretmek bilen bir hatarda, olaryň pikir ýöredip bilmekleri, netije çykarmaklary, zatlar bilen hadysalaryň arasyndaky baglanyşygy seljerip bilmekleri öwredilýär. Çaga terbiýesinde maşgalanyň hem orny uludyr, sebäbi maşgalada ata-enäniň her bir hereketine, göreldesine eýerýän çagalar sözleýişde-de şol endige eýerýärler. Çagalara ýaşlykdan dürs we dogry sözlemek öwredilmelidir. Käbir ata-eneler ýaňy dil biten çagalarynyň diline guwanyp, olaryň ýalňyş sözlemegine ýol berýärler. Şeýle ýagdaýda çaga ýaşlykdan sözleri düşnükli we dogry aýtmagy öwrenmeýär we ulalansoň, oňa bu endiginden saplanmak kyn düşýär. Şonuň bilen birlikde, ol öz ene dilimizde dürs geplemekde hem kynçylyk çekýär.

Ata-ene, terbiýeçi, mugallym çagalaryň her bir sözi gyssanman, ýalňyşman, sakynman, aýyl-saýyl aýtmagyny gazanmaly. Çaga ene dilini oňat beýan etmegi başarmaýan bolsa, basym onuň öňüni almak gerek. Her bir ata-ene, terbiýeçi, mugallym çagalara ýaşlykdan öz ene dilinde dürs sözlemegi endik etdirmäge çalyşmalydyr.

Umida JUMAKULIÝEWA,
Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň magistranty.

Ünsüňizi çekip biler

Başa dön tuşu