Žurnalistiň sahypasy

Körpe nesil ― buýsanjymyz

04-11-2024 / 72

Ýurdumyzda körpe nesil hakyndaky aladalar döwletimiz tarapyndan hemişe üns merkezinde saklanýar. Şu nukdaýnazardan, mekdebe çenli çagalar edaralarynda hem bagtyýar nesillerimiz bilen alnyp barylýan okuw-terbiýeçilik işleri has-da kämilleşdirilýär. Mähriban körpelerimiz uly üns-alada bilen gurşalyp, olaryň sagdyn ösüşini gazanmak pedagogik, usulyýet taýdan maksadalaýyk alnyp barylýar. Biz hem çagalar bakja-bagymyzda körpeje nesillerimiz bilen geçýän ähli terbiýeçilik işlerimizde milli ýörelgelerimizden ugur alyp, döwrüň talaplaryna laýyklykda kämilleşdirmäge çalyşýarys. Çagalaryň irki ösüşini, terbiýeli kemala gelmegini gazanmak maksady bilen, olar çagalar bakja-bagyna kabul edilen ilkinji pursatlardan başlap hakyky söýgi, mähir bilen gurşalýar.

Mälim bolşy ýaly, çagalyk dünýäsi oýunlar bilen bagly bolup durýar. Şoňa görä-de körpejeler bilen guralýan sapak pursatlary gyzykly oýunlara beslenýär. Esasan hem bakja toparlarda terbiýelenýän körpeler bilen geçilýän okuw-terbiýeçilik işlerinde oýun usullarynyň üsti bilen olaryň duýgularyny ösdürmäge, beden we aň ösüşini, daş-töwerek we tebigat bilen bagly düşünjelerini, ilkinji durmuş endiklerini ösdürmäge çalyşýarys. Sapaklardan daşary terbiýeçilik işlerini, gurnaklaryň üsti bilen olaryň duýgy-düşünjeleriniň berkidilmegini gazanýarys.

Ýeri gelende bellesek, körpelerimiziň milli terbiýesini gazanmakda halk döredijiliginiň eserlerinden, türkmeniň döwletlilik ýörelgesinden, Gahryman Arkadagymyzyň eserlerinden ugur alýarys. Şeýle-de toparymyzda çagalaryň amatly we oňyn gurşawda kemala getirilmegi ugrunda öňdebaryjy iş tejribesiniň gazananlaryny ornaşdyrýarys. Pedagogikanyň we usulyýetiň kadalaryna laýyklykda hünärlerimizi kämilleşdirmek babatda halkara tejribesinden hem ugur alýarys. Ýeri gelende bellesek, 3 ýaşa çenli çagalaryň terbiýesinde Masaru Ibukanyň «Üçe çenli ― aýny wagty!», «Üçden soň, giç…» ýaly kitaplaryndan peýdalanýarys. Bu eserlerde berilýän maslahatlary ata-eneleriň dykgatyna hem ýetirýäris.

Elbetde, çagalar bilen işlemek örän gyzykly, şeýle-de juda jogapkärli. Ýöne hünäriňe, kesbi-käriňe bolan söýgi bu ugurda has yhlasly we netijeli işlemäge ruhlandyrýar hem-de kalbyňy joşurýar.

Gapydan gelýäňiz «Salam-da, salam!»,
Diýýän bagra basyp: «Geldiňmi balam!»,
Heriňiz meň üçin uly bir dünýäň
Sowulmajak bahar-ýazy çagalar.

Şeýle şahyrana setirler bilen eziz körpelerimizi ýürekden söýüp, biz mundan beýläk hem yhlasly zähmet çekmäge höweslenýäris.

Ajaýyp zamanamyzda ak ýürekden zähmet çekip, bagtyýar çagalarymyzy döwrümize mynasyp şahsyýetler edip ýetişdirmek ugrunda döredilýän giň mümkinçilikler üçin Gahryman Arkadagymyza hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyza egsilmez alkyşlar aýdýarys!

Aýsoltan JUMAÝEWA,
Baýramaly şäheriniň 12-nji çagalar bakja-bagynyň
orta bakja toparynyň terbiýeçisi.

Ünsüňizi çekip biler

Başa dön tuşu