- Iňlis dilinde “month”, “orange”, “silver”, “purple” sözleriniň kapyýalaşýan sözleri ýokdur.
- Terjime edilen “düýş, düýş görmek” diýmekligi aňladýan “dreamt” sözi ýeke-täk “mt” harpy bilen gutarýan sözdür.
- Dünýä jemgyýetçiligi tarapyndan gepleşik dilinde ulanylýan iňlis dili nemes, latyn, fransuz dilleriniň birleşmeginden emele gelipdir.
- Iňlis dilinde “set” sözüniň beýleki sözlere seredende has köp kesgitlemesi bar.
- “Underground” sözi “und” bilen başlanýan we şol bogun bilen gutarýan ýeke-täk sözdür.
- Iňlis dilinde ulanylýan sözleriň sany diýseň köp bolup, ortaça her 3 sagatdan täze söz goşulýar.
- Ýer ýüzünde iňlis dilinde gepleýänleriň sany ortaça 1,6 mlrd deň.
- Iňlisçe iň uzyn bir bogunly söz “screeched”.
- “Tremendous, horrendous, stupendous, hazardous” diýen dört sözler “dous” bilen gutarýan ýeke-täk sözlerdir.
- Iňlis dilinde iň köp ulanylýan harp “e” harpydyr.
- Oksford sözlügine görä, iň uzyn iňlis sözi – “pneumonoultramicroscopicsilicovolcanokoniosis”.
- Iňlis dilinde diňe bir sözde harplar gaýtalanman ýazylýar. Ol söz 15 harpdan ybarat bolan “uncopyrightable” sözüdir.
- Iň köp peýdalanylýan sypat “good” we “well” sözleridir. Belli bolşy ýaly, bu sözleriň ikisi-de “gowy” diýmekligi aňladýar.
- “The quick brown fox jumps over the lazy dog” diýen sözlemi iňlis diliniň elipbiýindäki ähli harplary bar bolan sözlemdir.
- Dünýä derejesinde çap edilýän makalalaryň, habarlaryň agramly bölegi, ýagny 98%-i iňlis dilindedir.
Mähri GAHRYMANOWA,
Çärjew etrabynyň 50-nji orta mekdebiniň iňlis dili mugallymy.