Žurnalistiň sahypasy

Sapaklary okatmagy kämilleşdirýäris

03-11-2024 / 64

Dörediji we gurujy merdana halkymyzyň baý taryhyny we medeni mirasyny dikeltmek, öwrenmek we ýokary ahlak düşünjeli, bilimli, watansöýüji, zähmetsöýer ýaş nesli kemala getirmek üçin giň gerimli maksatnamalaýyn işler durmuşa geçirilýär. 2024-nji ýylyň 25-nji maýynda sanly ulgam arkaly geçirilen Hökümet mejlisinde hormatly Prezidentimiziň Karary bilen «Türkmenistanda umumybilim maksatnamalary boýunça okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmegiň 2028-nji ýyla çenli Konsepsiýasynyň» tassyklanylmagy hem bu babatda möhüm ädimdir we buýsandyryjy wakadyr.

Bu resimanama bilim bermegiň hilini dünýä standartlaryna laýyk getirmek, okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmek, bu ugurda innowasion usullary okuw işine giňden ornaşdyrmak, mugallymlaryň döredijilik başarnyklaryny hem-de ussatlygyny has-da ýokarlandyrmak maksady bilen kabul edildi.

«Türkmenistanda umumybilim maksatnamalary boýunça okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmegiň 2028­-nji ýyla çenli Konsepsiýasy» 8 bapdan ybaratdyr. Bu resminamada mekdebe çenli bilim ulgamyna degişli hem birnäçe wezipeler göz öňünde tutulýar. Şol sanda mekdebe çenli bilim we terbiýe bermek işinde dünýä tejribesine işjeň ornaşdyrylýan hem-de çagalaryň sazlaşykly kemala gelmeginiň we ösmeginiň möhüm şerti bolup durýan innowasion pedagogik tehnologiýalardan peýdalanmaga möhüm orun we uly ähmiýet berilýär. Şu maksat bilen, inowasion pedagogik tehnologiýalaryň saglygy goraýyş, taslama, gözleg-barlag, maglumat-kommunikasiýa, şahsyýete gönükdirilen, oýun, çagalaryň döredijilik ukyplaryny ösdürmäge gönükdirilen, problemalaýyn okatmak, okatmagyň ösdüriji, sungat, portfolio tehnologiýlary ýaly ýokary netijeli usullaryny okuw-terbiýeçilik işlerinde giňden peýdalanmak ýola goýlar. Bu pedagogik tehnologiýalary döredijilikli ulanylyp, mekdebe çenli ýaşly çagalary mekdebe netijeli taýýarlamak we olaryň geljekde üstünlikli okamaklaryny üpjün etmek üçin mekdebe çenli çagalar edaralarynyň pedagoglarynyň hünär başarnyklary yzygiderli kämilleşdiriler diýlip, Konsepsiýada bellenilýär.

Şeýle-de mekdebe çenli çagalar edaralarynyň bilim işgärleriniň syýasy sowatlylygyny, hünär derejesini ýokarlandyrmak we pedagogik ussatlylygyny kämilleşdirmek maksady bilen, mugallymlar geňeşiniň, usuly birleşmeleriň we usuly sagatlaryň işiniň netijeliligi döwrüň talaplaryna laýyklykda yzygiderli ýokarlandyrylar. Sapaklaryň okadylyşynyň kämilligini gazanmakda bolsa terbiýeçileriň hünär derejesiniň ýokarlandyrylmagy, iş tejribesiniň artdyrylmagy we usuly taýýarlyklarynyň kämilleşdirilmegi hem möhüm bolup durýar. Şu nukdaýnazardan, biz hem öz üstümizde yzygiderli işlemek bilen, usuly taýýarlygymyzy we tejribämizi artdyrmaga çalyşýarys.

Altyn TÄŞLIÝEWA,
Daşoguz şäheriniň 21-nji çagalar bakja-bagynyň terbiýeçisi.

Ünsüňizi çekip biler

Başa dön tuşu