Siziň üçin...

Çagalar bakja-baglarynda arassaçylyk kadalaryny berjaý etmegiň düzgünleri

01-11-2024 / 7

Biziň ýurdumyzda hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary bilen, röwşen geljegimiz bolan çagalaryň kadaly ösmegi, okamagy, ýaşamagy üçin ähli şertler döredilýär. Bu babatda biziň çagalar bakja-bagymyzda hem göwnejaý işler alnyp barylýar.

Il arasynda aýdylýan gürrüňlerde «Saglyk adamlaryň başyndaky altyn täçdir», «Arassaçylyk saglygyň girewidir»,  «Arassaçylyk bolmadyk ýerinde saglyk hem bolmaz» diýen dana sözlerden ugur alyp, biz hem çagalar bagymyzda arassaçylyk düzgünleriniň kadalarynyň dogry berjaý edilmegine aýratyn üns berýäris. Çagalaryň ilkinji çagalar bagyna gatnap başlan günlerinden, ýagny ilkinji bakja toparlardan, çagalar bakja-bagynyň ählitaraplaýyn düzgün-tertipleri, arassaçylyk kadalaryny, her toparyň ýaş aýratynlygyna görä, terbiýeçiler Gulowa Aksoltan,   Kürräýewa Ogulnyýaz, Hojanyýazowa Maýa, Durdyýewa Patma ýaly halypa pedagoglarymyz yhlas bilen öwredýärler. Arassaçylyk düzgünlerini has kiçijik körpelere, dürli-dürli oýunlaryň, jadyly pursatlaryň kömegi bilen yzygiderli öwredip durýarlar. Çagalaryň çagalar bagynda bolýan wagtlarynda, olaryň bolýan otaglarynyň içindäki dürli görnüşli enjamlarynyň arassa bolmagy üçin terbiýeçiler, olaryň kömekçileri tarapyndan köp işler alnyp barylýar. Ýagny çagalaryň gün tertibine öwrenişmeklerini, her çaganyň bu ugurdan öz üstüne düşýän wezipeleri dogry öwrenip, dogry berjaý etmekleri ýola goýulýar.

Çagalara arassaçylyk kadalarynyň ýönekeýje düzgünleri, kadalary, terbiýeçiler, olaryň kömekçileri tarapyndan yzygiderli, irginsiz öwredilýär. Çagalara, ilki bilen, çagalar bagyna gadam basanlaryndan, aýakgaplaryny çykaryp, toparyň içinde geýýän aýakgaplaryny geýip, öz eşik şkaflaryny tanap, egin-eşiklerini tertipli asyp goýmaklary öwredilýär. Ondan soňra her çaganyň ýörite surat bellikleriň kömegi bilen, çagalaryň öz suratly enjamlaryndan peýdalanmaklary (stol, oturgyç, gap-gaç, süpürgiçler, ýatýan krowatlary we ş.m.). Bulardan başga-da, çagalaryň ertirden agşama çenli, çagalar bagynda bolýan wagtlarynda, irki kabul edişlikden başlap, ertilik nahar wagty, sapaklar wagty, gezelençlerde, günüň II ýarymynda, agşamky gezelençlerde, arassaçylyk baradaky ündewler, dürli usullaryň, dürli oýunlaryň, jadyly pursatlaryň üsti bilen çagalaryň aňyna guýlup durulýar, öýlerinde hem şol arassaçylyk baradaky öwrenen düzgünlerini  dogry berjaý etmekleri ündelýär, ata-eneleri bilen söhbetdeşlikler arkaly maslahat berilýär.

Çagalar bagymyzyň içiniň-daşynyň mydama arassa bolmagy üçin her bir işgär jogapkärçilik çekýär. Wagtly-wagtynda ýowar işleri geçirilýär. Toparlaryň  we aşhananyň içini, gündelik, ýörite serişdeler bilen, düzgüne laýyk arassaçylyk işleri dowamly alnyp barylýar. Umuman, gül-gunçaly çagajyklarymyz ― biziň geljegimiz.

Aýnabat GARLYÝEWA,
Ahal welaýatynyň Kaka etrabynyň 1-nji çagalar bakja-bagynyň terbiýeçi-usulyýetçisi, Zenanlar guramasynyň işjeň agzasy.

Ünsüňizi çekip biler

Başa dön tuşu