Siziň üçin...

Bilim işini döwrebaplaşdyryp…

29-10-2024 / 10

Körpe nesliň irki ýaşdan başlap, döwrümiziň ösen talaplaryna laýyk getirilen bilim-terbiýe gurşawynyň döredilmegi döwlet aladalarynyň esasy ugurlarynyň birine öwrülýär. Bagtyýar zamanamyzda körpe nesliň bilim-terbiýesine döwlet derejesinde aýratyn uly üns berilýändigi ata-enelerde we terbiýeçilerde hoşallyk duýgusyny döredýär. Hormatly Prezidentimiziň mekdebe çenli çagalar edaralarynyň işini kämilleşdirmek babatda alyp barýan döwrebap işleri uly durmuşyň başlangyjynda duran körpe nesliň geljekde bilimler ummanynyň çuňluklaryna ynamly aralaşmaklarynda, olaryň beden taýdan sagdyn, ahlak babatda arassa ýaşlar bolup ýetişmeklerinde aýratyn orun tutýar.

Bilim ulgamynyň birinji basgançagy hasaplanýan mekdebe çenli bilim edaralarynyň işini döwrebap guramakda öňde durýan wezipeleriň durmuşa geçirilmegi okatmagyň usulyýeti boýunça täze okuw-usulyýet toplumlarynyň döredilmegini, ýurdumyzyň bilim ulgamynyň dünýäniň bilim giňişligine işjeň goşulyşmagyny, okatmagyň usulyýetini milli tejribä we halkara bilim standartlaryna laýyklykda döwrebaplaşdyrylmagy talap edýär. Körpeler bilen alnyp barylýan işleri dünýa ülňülerine laýyk kämilleşdirmek,olara mähirli garamak strategiýasy Gahryman Arkadagymyzyň taýsyz tagallalary bilen ýola goýlyp, häzirki wagtda Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda üstünlikli dowam etdirilýär.

Biz hem Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly başlangyçlaryndan ugur alyp, çagalar bagymyzda täze okuw ýylymyzy, çagalar bakja-bagymyzda  «Türkmenistanda  umumybilim  maksatnamalary boýunça okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmegiň 2028-nji ýyla çenli Konsepsiýasyny» amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirmeli çäreleriň  ýörite iş meýilnamasy düzüldi. Şunuň esasynda, çagalar bilen geçirilýän her bir okuw sapaklary döwrümiziň talabyny laýyk geçirmäge çalyşýarys. Sapaklardan daşary, göwnaçma çärelerini, gezelençleri, dürli görnüşli bäsleşikleri, sport çärelerini, baýramçylyk dabaralaryny, ýörite säherlikler taýýarlap öz wagtynda, täsirli edip gurnap geçirýäris.

Çagalar bagymyzyň aýdym mugallymy Baýramdurdy Babajanow bilen  halypa terbiýeçiler ― Güldesse Muhammetgulyýewa, Aýnabat Ýagşibaýewa, ýörite folklor toparyny döredip, körpeler bilen «Halk döredijiliginden», «Lälelerden», «Küşdepdilerden», «Aýdyşyklardan», «Ýaňyltmaçlardan» gowy-gowy zatlary saýlap alyp, çagalara öwredip, dürli çärelerde yzygiderli çykyş edip durýarys. Bulardan bellemeli zatlaryň biri hem, körpejelerimiziň türkmen teleýaýlymynda, çagalar üçin goýberilýän «Siziň, üçin körpeler!» gepleşiginde çykyş edip, öz ukyplaryny görkezip gelmekleri «Aşyr däde» bilen tanşyp, onuň bilen söhbetdeş bolup gelmekleri aýratyn buýsandyryjydyr.

Bulardan başga-da, körpeleriň ata-eneleri bilen ýakyndan aragatnaşykda bolup, olaryň öz çagalarynyň çagalar bagyndaky üstünlikli derejelerini ýakyndan öwrenip durmaklary ýola goýuldy. Şeýle hem öňdebaryjy terbiýeçiniň işini öwrenmek, ýaş hünärmenlere ýaýratmak, halypa-şägirtligi hem doly ýola goýuldy. Halypa terbiýeçileriň ýaş hünärmenlere, öz baý tejribelerini öwredip, halypaçylyk etmekleri hem-ä ýaş hünärmenleriň iş öwrenmeklerine, hemem çagalar bagynyň işiniň, terbiýeçilik işleriniň has ilerlemegine getirýär. Biz hem öz jogapkärli wezipelerimizi talabalaýyk, döwrüň talaplaryna laýyklykda, täze öwüşgünler berip, üstünlikli alyp bararys.

Aýnabat GARLYÝEWA,
Ahal welaýatynyň Kaka etrabynyň 1-nji çagalar bakja-bagynyň terbiýeçi-usulyýetçisi, Zenanlar guramasynyň işjeň agzasy.

Ünsüňizi çekip biler

Başa dön tuşu