Žurnalistiň sahypasy

Bilim ulgamyny döwrebaplaşdyrmagyň ýolunda

30-10-2024 / 67

Mälim bolşy ýaly, şu ýylyň 25-nji maýynda Türkmenistanda umumybilim maksatnamalary boýunça okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmegiň 2028-nji ýyla çenli Konsepsiýasy we ony amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň Meýilnamasy tassyklandy.

Bu Konsepsiýa bilimiň ähli derejelerinde okuw derslerini okatmagyň usulyýetini yzygiderli kämilleşdirmegiň maksatlaryny, wezipelerini we häzirki zaman çemeleşmelerini, şeýle hem okatmagyň milli we dünýä tejribesine, halkara standartlara laýyklygyny üpjün etmäge gönükdirilen resminama bolup durýar. Ol girişden we 8 bapdan ybarat: Türkmenistanda umumybilim maksatnamalary boýunça okatmagyň usulyýetiniň häzirki ýagdaýy; Konsepsiýanyň esasy maksady we wezipeleri; umumybilim maksatnamalary boýunça okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmegiň esasy ugurlary; umumybilim maksatnamalary boýunça pedagogik işgärleri taýýarlamagy, gaýtadan taýýarlamagy, olaryň hünär derejesini ýokarlandyrmagy kämilleşdirmegiň esasy ugurlary; umumybilim maksatnamalary boýunça okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmek babatda halkara hyzmatdaşlyk; Konsepsiýany amala aşyrmagy maliýeleşdirmek; Konsepsiýanyň amala aşyrylmagyndan garaşylýan netijeler.

Häzirki wagtda bilimi, ylmy, tehnikany we tehnologiýany güýçli depginler bilen ösdürmek, okatmagyň has amatly we ýokary netijeli innowasion tehnologiýalaryny okuw-terbiýeçilik işlerine giňden ornaşdyrmak, dünýäniň bilim giňişligine sazlaşykly goşulyşmak, bilimiň hilini we mazmunyny yzygiderli baýlaşdyrmak möhüm wezipeler hökmünde kesgitlendi. Munuň özi bilimde giň gerimli ulgamlaýyn özgertmeleri geçirmegi, umumybilim maksatnamalary boýunça okatmagyň usulyýetini yzygiderli kämilleşdirmegi talap edýär. Bu ugurda ýurdumyzda uzak möhleti nazarlaýan toplumlaýyn işler üstünlikli alnyp barylýar.

Umumybilim edaralarynyň pedagogik işgärleriniň we mekdebe çenli çagalar edaralarynyň terbiýeçi-usulçylarynyň öz hünär bilimlerini we mugallymçylyk ussatlygyny yzygiderli kämilleşdirmek hem-de usuly taýýarlygynyň derejesini has-da ýokarlandyrmak maksady bilen, «Öz-özüňi kämilleşdirmek» depderini döretmek we ony bilim edaralarynyň iş tejribesine girizmek, bu depderi ýöretmek boýunça degişli gözükdirijini işläp taýýarlamak, her okuw ýylynyň ahyrynda bolsa pedagogik işgärleriň şol depderi ýöretmek boýunça alyp baran işlerine ylmy-usuly taýdan baha bermek göz öňünde tutuldy. Ýaş pedagogik işgärlere, aýratyn-da, daşary ýurtlaryň pedagogik ugurly ýokary okuw mekdeplerini tamamlap gelen we täze işe başlan ýaşlara halypalyk edýän pedagogik işgärleri höweslendirmegiň usullarynydyr serişdelerini kämilleşdirmek hem-de bilim edaralarynyň iş tejribesine ornaşdyrmak ýaly möhüm ugurlar beýan edilýär.

Arzuw AÇYLOWA,
Çärjew etrabynyň 20-nji orta mekdebiniň başlangyç synp mugallymy.

Ünsüňizi çekip biler

Başa dön tuşu