Siziň üçin...

Baş baýram kalplara ganat baglady

29-09-2024 / 3

Ata-babalarymyz taryhda döwlet gurmak, ony dolandyrmak, jemgyýetde adalatlylygy ýola goýmak babatda dünýä nusgalyk işleri bitiripdir. Bu gün türkmen halky ýene öz berkarar döwletinde bagtly durmuşyň hözirini görýär. Milli Liderimiz geçen ýylyň altyn güýzüniň ilkinji gününde geçen umumy sapagynda bu babatda: «Garaşsyzlyk we Bitaraplyk biziň gazanan esasy üstünligimiz hökmünde taryhymyza altyn harplar bilen ýazyldy. Ýurdumyzyň garaşsyz ösüşiniň taryhy hem-de gazanan milli tejribesi, Bitaraplygymyzyň ählumumy parahatçylygy we dostlugy pugtalandyrmakdaky ähmiýeti bu gün tutuş dünýäde uly gyzyklanma döredýär» diýip jaýdar belledi.

Beýik akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň berkarar döwlet gurmak barada eden arzuwy bu günki gün hasyl boldy. Ýurdumyzda amala aşyrylýan giň gerimli, toplumlaýyn işler garaşsyz ösüşimiziň taryhy sene ýazgysyna aýratyn many-mazmun, öwüşgin berip, bagtyýar halkymyz mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 33 ýyllyk toýuny ýokary ruhubelentlik bilen garşylady. Garaşsyzlyk bizi täze belentliklere göterdi. Syýasy asudalygy, halkyň jebisligini has-da berkitdi. Il-günüň bagtyýar durmuşynyň kanunçylyk-hukuk kepiline öwrüldi. Türkmenistanda ýokary wekilçilikli häkimiýet edarasy — Halk Maslahaty döredildi. Ol türkmen halkynyň döwleti dolandyrmagyň asyrlaryň synagyndan geçen demokratik däplerinden, durmuş ýörelgelerinden gözbaş alýar.

Hormatly Prezidentimiz: «Mukaddes Garaşsyzlygymyz merdana halkymyzyň asyrlarboýy kalbynda besläp gelen nurana arzuwlarynyň, arzyly umytlarynyň, erk-islegleriniň hasyl bolmagydyr» diýip, bu senä ýokary baha berýär. Şoňa görä-de, şöhratly Garaşsyzlygymyz ykbal kesgitleýji waka bolup, ol türkmen jemgyýetiniň şu günki gülläp ösýän döwründe täze many-mazmun bilen has-da baýlaşýar. Garaşsyzlyk döwrümiziň we döwletimiziň şan-şöhratydyr. Türkmenistanyň garaşsyz ösüş ýolunda ýeten sepgitlerine nazar aýlanymyzda, ýurdumyzda ylym-bilimde, oba hojalygynda, söwdada, ulag-aragatnaşykda, medeniýetde, saglygy goraýyşda we beýleki ulgamlarda alnyp barylýan sazlaşykly işleriň, gazanylýan ösüşleriň şaýady bolýarys.

Täze döwrüň  — Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň ýaş nesilleriniň ýurdumyzyň öňegidişliklerine goşýan çirksiz goşantlary has-da dabaralanýar. Belentden-belent ösüşlere sary ýol alan eziz Diýarymyzyň ykdysadyýetiniň, senagatynyň her bir pudagynyň ösüşinde ýaşlaryň ornuny görmek bolýar. Ýaşlarymyzyň her biriniň Garaşsyzlyk toýuny özleriniň mynasyp zähmet ýeňişleri bilen garşylamagy aýratyn buýsançly ýagdaýdyr.

Garaşsyzlyk — halkyň ykbaly. Her bir günümiziň şanly toýuň dabaralary bilen beslenmegi ýüregimizi has-da joşduryp, ruhumyzy galkyndyrýar. Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanyň milli senesi — mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 33 ýyllygy bilen Gahryman Arkadagymyzy hem-de hormatly Prezidentimizi, mähriban halkymyzy tüýs ýürekden gutlaýarys!

Gülbahar HÜMMEDOWA,
Çärjew etrabyndaky 9-njy çagalar bagynyň usulyýetçi-terbiýeçisi, kärdeşler arkalaşygynyň işjeň agzasy.

Ünsüňizi çekip biler

Başa dön tuşu