Zähmet terbiýesi nesil terbiýesinde iň naýbaşylarynyň biri hasaplanýar. Şonuň üçin hem ata-babalarymyz kiçiliginden çagalaryň zähmet terbiýesine uly üns beripdirler. Olar çaga ýaşlykdan zähmet çekmegi öwrense ulalansoň hem halal, ilhalar ynsan bolup ýetişýändigi barada gymmatly öwüt-nesihatlary nesillere miras galdyrypdyr.
Türkmen maşgalasynda zähmet terbiýesinde atadyr enäniň görüm-göreldesi, atalyk — enelik öwütleri ýaş oglan-gyzlar üçin ilkinji mekdep bolup hyzmat edipdir. Milli terbiýäniň özeni bolan bu ýörelgeler häzirki döwrümizde-de ýörgünli. Bu işde ata-babalarymyz halkymyzyň gadymdan gelýän milli ýörelgelerinden ugur alypdyr.
Çaganyň ähli ýaşdaky döwründe zähmet terbiýesine köp ýykgyn edilipdir. Maşgala zähmetiniň çagany terbiýelemekde ähmiýeti uly bolupdyr. Çagany ýaşlygyndan zähmete uýgunlaşdyrypdyrlar. Eýýäm eli käse tutup başlan döwründen, çaga alyp git-getir ýaly ýeňiljek işler buýrulyp başlanypdyr. Munuň özi çaganyň hemmetaraplaýyn kämil şahsyýet bolup ýetişmeginde möhüm orun tutupdyr.
Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» atly kitabyndaky: «Zähmet endigini ele almadyk adam, edil elsiz-aýaksyz ýalydyr, ýönekeý ýagdaýlarda hem başyny çarap bilmän durandyr. Zandynda zähmet terbiýesi bolan adam hökman bir ugur tapar. Zähmet ugurtapyjylygy hem terbiýeleýär» diýen sözleri atalyk sapak bolup, ýaş nesillerimiziň kalbyna tenekar bolup siňýär. Çünki zähmet, hünär her bir ynsanyň bezegi bolup durýar.
Ýaşlarymyzy milli gymmatlyklarymyza, maşgala mukaddesligine hormat goýmak ruhunda terbiýelemäge aýratyn ähmiýet berýän Milli Liderimiziň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň jany sag, ömri uzak bolsun, tutýan tutumly başlangyçlary elmydama rowaçlyklara beslensin!
Zaýnab KAKAÝEWA,
Daşoguz şäheriniň 18-nji çagalar bakja-bagynyň terbiýeçisi.