Pähimdar pederlerimiz hem ýaş nesilleriň terbiýesinde halk döredijiligine ýygy-ýygydan ýüzlenipdirler. Esasan hem, nakyllary, ertekileri peýdalanmak arkaly milli terbiýäni beripdirler. Çagalar baglarynda hem bu ugry ösdürmek bilen terbiýeçiler körpelere ertekileri gürrüň berýärler, ýörite multimedia tagtasynda surat şekilleri bilen ertekileriň gahrymanlaryny janlandyrýarlar.
Çaga terbiýesinde ertekileriň hyzmaty uly bolup durýar. Ertekiler körpelere iň düşnükli bolan we sada dilde beýan edilýän çeper eserdir. Terbiýeçi ertekini diňe okap bermek, multimedia tagtasynda janlandyrmak bilen çäklenmän, eýsem, ýörite oýunlary guraýar. Oýunlarda körpeleriň özleri ertekiniň gahrymanlaryny janlandyrýarlar. «Akpamyk» atly ertekini çagalar has-da oňat görýärler. Olar Akpamygyň, onuň doganlarynyň keşbini oýunlar arkaly ýerine ýetirýärler. Netijede, olar bu ertekini ýatdan öwrenýärler. Munuň terbiýeçilik ähmiýeti hem, çagalaryň ýatkeşligine hem oňat täsir edýändigini bellemek gerek.
Ertekileriň üsti bilen ýa-da slaýdlar arkaly körpelere sanlar öwredilýän wagty harplary hem ýatlap geçmek we öwretmek, ýagny sapagy utgaşdyryp alyp gitmek mümkin. Munuň çaga beýnisinde beýleki sapaklara bolan gatnaşyklaryny ösdürmekde we ýatlap geçmekde peýdasy uludyr.
Şeýlelikde, ata-babalarymyzyň milli ýörelgeleri çaga terbiýesini ösdürmäge, körpeleriň düşünjesini kämilleşdirmäge oňat täsir edýär. Diýmek, terbiýeçi çagalara matematikany hem, dilewarlygy hem öwredýär. Şeýlelikde, çaga ertekini ýatdan aýtmagy hem öwrenýär. Netijede, şu usulda çaganyň irki ösüşi üpjün edilýär.
Ogulnabat ÖWEZDURDYÝEWA,
Darganata etrabynyň 9-njy çagalar bakja-bagynyň terbiýeçi-usulçysy.