Žurnalistiň sahypasy

Mal­dar­çy­lyk — gir­de­ji­li pu­dak

27-10-2024 / 27

Azyk meselesini çözmekde ekerançylyk bilen bir hatarda maldarçylyk hem möhüm ahmiýete eýedir. Türkmenistanyň maldarçylyk pudaklarynyň hemmesi azyk we ýeňil senagatlarynyň çig mal bazary bolup hyzmat edýärler. Türkmenistanyň maldarçylygynyň esasy pudaklaryny dowardarçylyk, iri şahly maldarçylyk, doňuzdarçylyk, gylýalçylyk, düýedarçylyk, guşçulyk, ýüpekçilik, balaryçylyk, balykçylyk düzýär.

Obasenagat toplumynda maldarçylyk hojalyklarynyň netijeliligini ýokarlandyrmaga, et we süýt öndürilişini artdyrmaga gönükdirilen uly möçberli özgertmeler üstünlikli durmuşa geçirilýär. Hor­mat­ly Prezidentimiziň taý­syz ta­gal­la­la­ry bi­len oba ho­ja­ly­gy­nyň mal­dar­çy­lyk pu­da­gy­ny yl­my esas­da döw­re­bap ös­dür­mä­ge, mal­la­ryň baş sa­ny­ny art­dyr­ma­ga, da­şa­ry ýurt­lar­dan ýo­ka­ry önüm­li to­hum­la­ry ge­ti­rip, top­rak-ho­wa şert­le­ri­mi­ze uý­gun­laş­dyr­ma­ga döw­let de­re­je­sin­de aý­ra­tyn äh­mi­ýet be­ril­ýär. Eziz Di­ýa­ry­my­zyň we­la­ýat­la­ry­nyň et­rap­la­ry­dyr oba­la­ryn­da döw­re­bap mal­dar­çy­lyk top­lum­la­ry yzy­gi­der­li gur­lup, ula­n­ma­ga be­ril­ýär.

Täze taryhy döw­rü­miz­de oba ho­ja­ly­gy­ny kä­mil­leş­di­rip ös­dür­mek ba­ba­tyn­da hormat­ly Prezidentimiziň öňe sü­ren tek­lip­le­rin­den ugur al­nyp, mal­dar­çy­lyk pudagy­ny hu­su­sy­laş­dyr­mak iş­le­ri tap­gyr­la­ýyn dur­mu­şa ge­çi­ril­ýär. Mal­lar­dan alynýan et, süýt hem-de ola­ryň gaý­ta­dan iş­le­nen şöh­lat, süýt önüm­le­ri her bir maş­ga­la­nyň gün­de­lik dur­mu­şyn­da mu­kad­des sa­çak­la­ryň rys­gal­dyr, be­ze­gi. Ýurdu­myz­da şeý­le ýo­ka­ry gym­mat­ly azyk önüm­le­ri­niň ba­zar bol­çu­ly­gy­ny döretmekde we dür­li gör­nüşli azyk önümleri bilen üp­jün et­mek­de mal­dar­çy­ly­ga aý­ra­tyn orun de­giş­li­dir.

Gahryman Arkadagymyzyň «Türk­men ala­ba­ýy» at­ly ki­ta­by­nyň «Ça­ga­lyk dos­ty — we­pa­ly dost» bö­lü­min­de: «Bi­ziň eý­ýa­my­myz­dan öň­ki VI müň­ýyl­lyk­da Wa­ta­ny­my­zyň çä­gin­de Jeý­tun me­de­ni­ýe­ti dö­räp­dir. Şol VI müň­ýyl­ly­gyň ahy­ry­na V müň­ýyl­ly­gyň ba­şy­na bu me­de­ni­ýet öz or­nu­ny Änew me­de­ni­ýe­ti bi­len ça­lyş­ýar. Şol dö­wür­ler­de ho­ja­lyk­lar­da go­ýun, ge­çi sak­la­ny­lyp­dyr» diý­len aja­ýyp jüm­le­le­ri ge­tir­mek bi­len, türk­men hal­ky­nyň örän ir­ki dö­wür­ler­den bä­ri ow­nuk mal­la­ry sak­lan­dyk­la­ry ba­ra­da­ky ta­ry­hy mag­lu­mat­lar bi­len ta­nyş­dyr­ýar.

Türk­men hal­ky müň­ýyl­lyk­lar­yň dowamynda mal­dar­çy­ly­gyň has ga­dy­my ugur­la­ry­ny alyp bar­ma­gyň mil­li usul­la­ry­ny iş­läp dü­züp­dir. Olar­dan sag­dyn ow­lak­la­ry al­mak­da, baş sa­ny­ny art­dyr­mak­da, kö­pelt­mek­de, önüm­le­ri­ni peý­da­lan­mak­da däp-des­sur­la­ry­my­za la­ýyk gel­ýän ýö­rel­ge­le­ri do­wam et­dir­mek­de aý­ra­tyn iş tej­ri­be­si­ni gör­ke­zip­dir­ler. Hä­zir­ki wagt­da hut şu nuk­daý­na­zar­dan, mal­dar­çy­ly­gy ös­dür­mek­de ga­dy­my däp-des­sur­la­ry­myz, mil­li tej­ri­be­le­ri­miz esa­syn­da be­re­ket­li ýaý­la­la­ry­myz­da eti ýo­kum­ly, süý­di mel­hem­ sü­rü­le­r ös­dü­ri­lip ýe­tiş­di­ril­ýär.

Ysmaýyl TÄÇNAZAROW,
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk unwersitetiniň Weterinar lukmançylygy fakultetiniň Weterinar lukmançylyk hünäriniň 3-nji ýyl talyby.

Ünsüňizi çekip biler

Başa dön tuşu