Türkmen alabaýy mertligiň, batyrlygyň nyşanydyr. Aýtmaklaryna görä, mundan ençeme ýyl öň her obanyň öz sakçylary – alabaýlary bolupdyr. Eger oba nätanyş adam gelse, itler olara şübhe bilen garapdyrlar. Olar gije diýmän-gündiz diýmän, öz mesgenlerini gorapdyrlar.
Ýurdumyzyň çäklerinde geçirilen ylmy-barlag işleriniň netijesinde alabaý tohumyndaky itleriň taryhyna degişli gymmatly maglumatlar yzygiderli ýüze çykarylýar. Marguşda gazuw-agtaryş işleri geçirilende itiň mazarlarynyň tapylmagy, gadymy türkmen alabaýlarynyň halkyň emlägini, döwlet serhetlerini goramakda aýratyn orun eýeländigini aňladýar. Altyndepeden tapylan alabaýlaryň toýundan edilen, Daňdanakandan tapylan alabaýyň faýansdan ýasalan heýkeljikleriniň döredilen senesi bolsa, biziň eýýamymyzdan ozalky döwre degişli bolup durýar. Gazuw-agtaryş işleri geçirilende tapylan it süňkleriniň ölçegleriniň türkmen alabaýlarynyň beden gurluşynyň ölçeglerine laýyk gelmegi bu tohumdaky itleriň örän gadymydygyndan habar berýär.
Eýesine wepalylygy, garadan gaýtmazlygy, duýgurlygy, syzyjylygy, akyllylygy, tutuş maşgala agzalaryna hoşgylawlylygy, hojaýynynyň sesini eşidenden onuň näme isleýändigine düşünmegi türkmen alabaýlaryny tapawutlandyrýan esasy aýratynlyklardyr. Ata-babalarymyz awa çykanlarynda, uzak ýaýlalara mal bakmaga gidenlerinde öýleriniň ýa-da goşlarynyň, düşelgeleriniň gapysyna gulp urmandyrlar. Olaryň yzynda wepadar goragçylary galypdyr, olara maşgalalarynyň howpsuzlygyny doly ynanypdyrlar. Şeýlelikde, gadym wagtlardan bäri alabaý köpekleri ýeke bir mal iti hökmünde ulanylman, eýsem, sakçy, garawul hökmünde-de peýdalanylyp gelinýär.
Ýene-de bir taryhy hakykaty aýratyn bellemek gerek. Türkmen alabaýlary Beýik Watançylyk urşy ýyllarynda hem özleriniň adamyň ygtybarly, wepaly kömekçileridigini ýokary derejede subut etdiler. Türkmenistandan urşa ýeke bir batyr esgerler däl, eýsem, batyrgaý itlerem ugradylypdy. Dürli tohumdan bolan itleriň 70 müň sanysy şir ýürekli gerçek ýigitler bilen bilelikde Moskwadan Berline çenli söweş ýoluny geçdiler. Beýleki itler bilen bir hatarda, türkmen alabaýlary hem ok-däri gatnatmakda bahasyna ýetip bolmajak hyzmatlary bitirdiler. Olar ýaralanan esgerleri söweş meýdanyndan alyp çykmakda şepagat uýalaryna ýakyndan kömek berdiler.
Halkymyzyň döreden «It geldi — gut geldi» diýen paýhasly jümlesinde çuňňur many bar, bu jümle alabaýlaryň türkmen halkynyň durmuşynda möhüm orun eýeleýändigini aňladýar. «Gut», ýagny «bagt» sözüniň it bilen baglanyşdyrylmagynyň türkmen halkynyň alabaý itlerini saklamagy, olary ýetişdirmegi bagt bilip, olar hakynda oňyn düşünjede bolandyklaryny äşgär edýär.
Şemşat JUMABAÝEWA,
Daşoguz şäheriniň 8-nji çagalar bakja-bagynyň terbiýeçisi.