Matematikanyň ýokary bilim berijilik güýji bar, ol okuwçylaryň akyl ukyplaryny ösdürýär.
Dmitriý Pisarew
Matematikanyň düşünilip okalan on sahypasy ýat tutulyp we düşünilmedik ýüz sahypasyndan gowudyr.
Djon Ýung
Matematika maňa esasan hem pikir ýöretmeleriň dogrulygy we açyklygy üçin ýarady.
Rene Dekart
Matematiki şekilleri we ululyklary deňeşdirmek oýun üçin we paýhas öwrenmek üçin serişde bolup hyzmat edýär.
Genrih Pestalossi
Matematika logiki pikirlenmä oňat başarjaňlyk berýär, häzirki wagtda we has irden bäri hem ol uly hormata eýe bolupdyr we has akylly adamlar ony beýleki ylymlardan has ileri görüpdirler.
Anri Sen-Simon
Tebigaty has çuň öwrenmek, matematikanyň ajaýyp açyşlarynyň çeşmesidir.
Jozef Fure
Tebigatda bar zatlaryň ählisi ölçeglidir.
Nikolaý Lobaçewskiý
Matematika — munuň özi pikirlenmegiň kanunlaryny, geometriki jisim baradaky düşünjeleri ulanmak diýmekdir.
Nikolaý Çernyşewskiý
Matematika dürli zatlary bir at bilen aýtmagyň sungatydyr.
Puankare
Matematika tebigaty öwrenmekde has oňat we hatda ýeke-täk mümkin bolan girişdir. Geometriýasyz we algebrasyz mehanikany öwrenmek mümkin däl, geometriýasyz algebrasyz we mehanikasyz astronomiýany öwrenip bolmaýar, geometriýany, algebrany, mehanikany we astronomiýany öwrenmezden fizikany we fiziki geografiýany öwrenmek mümkin däl.
Dmitriý Pisarýew
Ähli bilimleriň arasynda matematika esasy hormata eýe muňa esas bolup onuň dogrulygy we aýdyňlygy hyzmat edýär.
Albert Eýnşteýn
Matematika ýaşlaryň ylmydyr. Başga hili bolup hem bilmez. Matematika bilen meşgul bolmak bu ýaşlygyň göterip biljek akylynyň gimnastikasydyr.
Norbert Winer
Kim çagalykda matematika bilen meşgul bolan bolsa, onda ol ünsüni ösdürýär, öz beýnisini türgenleşdirýär, özünde maksada gönükdirilmegi terbiýeleýär.
Alekseý Markuşewiç
Toplan: Leýla SEÝIDOWA,
Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň mugallym öwrenijisi.