Siziň üçin...

Çagalaryň «altyn aşygy alçy gopdy»

23-10-2024 / 62

Ýakynda her ýylda mekdebe çenli çagalar edaralarynda terbiýelenýän körpeleriň arasynda geçirilýän «Altyn aşygym, alçy gop!» ady bilen türkmen milli oýunlary boýunça bäsleşigiň Mary welaýat tapgyry geçirildi.

Mary welaýat Baş bilim müdirliginiň guramagynda geçirilen bäsleşigiň welaýat tapgyry Mary şäheriniň 40-njy çagalar bakja-bagynda ýokary guramaçylyga we ruhubelentlige beslendi.  Milli lybasly, milli oýunlary uly höwes bilen ýerine ýetirmäge, öz deň-duşlary bilen bäsleşmäge gelen 5-6 ýaşly körpeleriň çykyşlarynda baýramçylyk ruhy duýuldy.

Ýurdumyzyň milli tebigy baýlyklary esasynda dörän milli oýunlaryň ösüp gelýän ýaş nesli ahlak, zähmet, akyl, beden taýdan terbiýelemekde bahasyna ýetip bolmajak uly ähmiýetiniň bardygyny wagyz etmekde ähmiýetli bolan bu bäsleşikde etrap-şäherlerden saýlanan toparlar birnäçe türkmen milli oýunlaryndan düzülen kompozisiýalary bilen düzgünnama boýunça şertleri  ýerine ýetirdiler. Bellenilen wagtyň dowamynda çagalaryň lybaslarynyň milli aýratynlyklaryna, ýerine ýetirijilik başarnyklaryna, mazmunyna, täsirligine syn berildi. Emin agzalaryň gelen netijeleri boýunça bäsleşigiň welaýat tapgyrynyň ýeňijileri yglan edildi. Şunda bäsleşigiň Baş baýragyna Mary şäheriniň 31-nji çagalar bakja-bagynyň körpelerinden ybarat topar eýe boldy.

Ýeri gelende, bäsleşigiň geçirilýän ýerinde çagalar bakja-bagynyň müdiriniň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetiriji Şemşat Orazmyradowanyň ýolbaşçylygynda özboluşly meýdançanyň emele getirilendigini, çäräniň netijeli geçmeginde oňyn täsir edendigini hem bellemek gerek. Bu ýerde şahandaz sazlaryň, milli oýunlaryň şüweleňiniň çagalaryň bagtyýarlygy we başarnyklary bilen sazlaşmagy netijesinde ajaýyp bezegli sahna baýramçylyk meýdançasyna öwrüldi. Çagalar bakja-bagynda bäsleşige gatnaşyjy toparlaryň çykyşlaryny ýerine ýetirmekleri üçin döredilen mümkinçilikler, çäräniň mazmunyna laýyk bezegler bu ýere gelen özara bäsdeşlerde erkin çykyş etmäge, bäsleşigiň şertlerini doly we dogry berjaý etmäge mümkinçilik berdi.

Bäsleşigiň ahyrynda ýeňijiler dabaraly ýagdaýda sylaglandy we ähli toparlar höweslendirildi. Körpelere  şeýle  giň mümkinçilikleri we şertleri döredip berýän  Gahryman Arkadagymyza hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyza ýürek buýsançlary ähli çykyşlaryň içinden eriş-argaç bolup geçdi.

Aýna NURÝAGDYÝEWA,
Mary welaýat Baş bilim müdiriliginiň baş hünärmeni.

Ünsüňizi çekip biler

Başa dön tuşu