Siziň üçin...

Bilim — üstünlikleriň açary

22-10-2024 / 17

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ösüp gelýän ýaş nesilleriň giň gözýetimli, beden we akyl taýdan kämil şahsyýetler bolup kemala gelmegi üçin yzygiderli işler durmuşa geçirilýär. Hormatly Prezidentimiziň ýakynda halkymyza peşgeş beren «Ýaşlar — Watanyň daýanjy» atly kitabyndaky: «Beýik işler bilime daýanýar, bilim bolsa terbiýe bilen geçmeli gymmatlykdyr» diýen sözleri hem beýik maksatlaryň binýadynyň ylym-bilim almak arkaly berkeýändiginiň ajaýyp beýanydyr.

Ata Watanymyzda häzirki döwrüň talaplaryna laýyklykda, bilim ulgamynda baý tejribe toplanyldy. Häzirki zaman täze kompýuterler, okuw-tehniki enjamlary, interaktiw-multimedia tehnologiýalary bilen üpjün edilen orta, ýörite orta we ýokary okuw mekdepleriniň döwrebap binalary, çagalar baglary we çagalar sagaldyş-dynç alyş merkezleri yzygiderli gurulýar. Her ýyl birinji synp okuwçylarynyň ählisine «Bilimli» atly kompýuterler sowgat berilýär. Munuň özi döwletimizde körpe nesliň mynasyp terbiýelenmegi we sazlaşykly ösmegi ugrunda edilýän aladanyň ýene bir aýdyň mysalydyr.

Halkara guramalar, dünýäniň esasy ylym-bilim merkezleri bilen ýokary derejeli hyzmatdaşlygyň ýola goýulmagy milli bilim ulgamynyň ösüşine aýratyn üns berilýändiginiň aýdyň subutnamasydyr. Şunuň bilen baglylykda, ýurdumyzyň umumybilim berýän orta mekdepleriniň 6-sy ÝUNESKO-nyň Assosirlenen mekdepleriniň toruna girizildi. Daşary ýurtly hünärmenler bilen okuw maslahatlaryny, okuw-usulyýet sapaklaryny, leksiýalary we beýleki bilelikdäki çäreleri guramak bolsa asylly däbe öwrüldi.

Döwlet Baştutanymyz ýaşlaryň daşary ýurt dillerini öwrenmeklerine we özleşdirmeklerine hem uly ähmiýet berýär. Sebäbi dil adamlaryň arasynda gatnaşyk saklamagyň hem-de pikiriňi beýan etmegiň esasy serişdesi bolup durýar. Şunuň bilen baglylykda, mekdebe çenli çagalar edaralaryndan başlap, bilim bermegiň ähli basgançaklarynda daşary ýurt dilleriniň okadylyşyny, okuwçylaryň sözleýiş medeniýetini kämilleşdirmäge, dil bilimi babatda täze usullary işläp taýýarlamaga we okuw işine ornaşdyrmaga gönükdirilen netijeli çäreler durmuşa geçirilýär.

Gahryman Arkadagymyzyň 2023-nji ýylyň Bilimler we talyp ýaşlar gününde geçen umumy sapagyndaky: «Ylym-bilim bilen Watanymyza wepaly gulluk etmek beýik mertebedir» diýen sözleri türkmen ýaşlaryny bu babatda dünýä ösüşi bilen aýakdaş gitmäge ruhlandyrýar. Ýurdumyzda ýaş nesilleriň döwrebap ylym-bilim alyp, kämil ynsanlar bolup ýetişmekleri ugrunda taýsyz tagallalar edýän Milli Liderimiziň hem-de hormatly Prezidentimiziň janlary sag, ömürleri uzak bolsun!

Jemal ÝOWBAGŞYÝEWA,
Berdimuhamet Annaýew adyndaky Arkadag şäher mugallymçylyk orta hunär okuw mekdebiniň 1-nji ýyl talyby.

Ünsüňizi çekip biler

Başa dön tuşu