Siziň üçin...

Okatmagyň usulyýeti kämilleşdirilýär

21-10-2024 / 19

Täze taryhy döwürde hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda çuňňur bilimli, ylymly, sagdyn bedenli, giň dünýägaraýyşly kämil nesli terbiýeläp ýetişdirmek ýurdumyzda alnyp barylýan ýaşlar syýasatynyň baş maksadydyr. Dörediji we gurujy merdana halkymyzyň baý taryhyny we medeni mirasyny dikeltmek, öwrenmek we ýokary ahlak düşünjeli, bilimli, watansöýüji, zähmetsöýer ýaş nesli kemala getirmek üçin giň gerimli maksatnamalaýyn işler durmuşa geçirilýär.

2024-nji ýylyň 25-nji maýynda sanly ulgam arkaly geçirilen Hökümet mejlisinde hormatly Prezidentimiziň Karary bilen «Türkmenistanda umumybilim maksatnamalary boýunça okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmegiň 2028-nji ýyla çenli Konsepsiýasynyň» tassyklanylmagy hem bu babatda möhüm ädimdir we buýsandyryjy wakadyr. Bu okuw ýylynda, adatdakylardan tapawutlylykda, Türkmenistanda umumybilim maksatnamalary boýunça okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmegiň 2028-nji ýyla çenli Konsepsiýasyndan ugur alnyp, okuw-terbiýeçilik işleri hil we mazmun taýdan has-da baýlaşdyrylar.

Şu nukdaýnazardan, biziň çagalar bakja-bagymyzda hem şu resminamadan gelip çykýan wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmek ugrunda täze okuw ýylynyň ilkinji sapaklaryndan başlap, çagalara bilimiň we terbiýäniň berlişini güýçlendirmäge çalşylýar. Mekdebe çenli ýaşly çagalar bilen okuw maksatnamasy esasynda guralýan sapaklarda dürli usullardan peýdalanylýar, öňdebaryjy iş tejribäniň gazananlary işjeň özleşdirilýär. Sapaklarda öwrenilenler gurnaklarda, sapakdan daşary çärelerde, gün pursatlarynda we beýleki terbiýeçilik işlerinde özleşdirilýär. Çagalaryň hakyky manysynda baý mazmunly bilim almaklary ugrunda halypa terbiýeçilerimiziň yhlasly zähmeti ýaş hünärmenlere görelde bolýar.

Okatmak diňe bir pedagogik iş däl, oňa döredijilik häsiýeti hem mahsusdyr. Şonuň üçin hem okatmagyň usulyýetiniň döredijilikli baýlaşdyrylmagy, täze tärleriň we taslamalaryň tejribä ornaşdyrylmagy ýaş nesillerimizi kämil derejede ýetişdirmäge itergi berýär. Ajaýyp zamanamyzda körpe nesillerimizi mekdebe taýýarlamak, olaryň düşünje we dünýägaraýyş babatda öňdebaryjy bolmaklaryny gazanmak, irki ösüşini we sagdynlygyny üpjün etmek, ýokary derejede sapaklary gurap hünär taýdan kämilleşmek üçin ähli mümkinçilikler we şertler bar.

Şeýle şertleri mekdebe çenli bilim-terbiýe ulgamynyň düzümlerinde hem giňden ornaşdyrýan, bizi has yhlasly we netijeli zähmet çekmäge höweslendirýän Gahryman Arkadagymyza hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyza ähli işgärlerimiziň we körpeje nesillerimiziň alkyşlary egsilmezdir.

Enejan AŞIROWA,
Ak bugdaý etrabynyň 15-nji çagalar bakja-bagynyň daşary ýurt dili mugallymy.

Ünsüňizi çekip biler

Başa dön tuşu