Ýurdumyzda giňden ýaýbaňlandyrylan düýpli özgertmeleriň hemmesi adamlaryň saglygy baradaky aladanyň ähli zatdan ileri tutulýandygyny bütin dünýä ýaýýar. Bu ynsanperwerligi halkymyz eziz Diýarymyzda amala aşyrylýan her bir tutumly işlerde aýdyň görýär. Gahryman Arkadagymyzyň jöwher zehininden dörän «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly köp jiltli ylmy-ensiklopedik eseriniň täze, XVI jildiniň ýakynda giň okyjylar köpçüligine gowuşmagy munuň ýene-de bir subutnamasy boldy.
Gahryman Arkadagymyzyň ynsan saglygy bardaky ylmy işleriniň we ylmy gözlegleriniň netijesi bolan «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly köp jiltli ylmy-ensiklopedik eseri saglygy goraýyş işgärleriniň dünýägaraýyşlarynyň giňemegine, ynsan saglygynyň goragynda iş tejribelerini has-da artdyrmakda bahasyna ýetip bolmajak maslahatçydyr.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe lukmanlar Gahryman Arkadagymyzyň bu uly göwrümli ylmy işini okamaga, onda beýan edilýän ylmy garaýyşlary çuňňur öwrenmäge, ondaky gymmatly teklipleri ynsan saglygyny berkitmek işinde peýdalanmakda giň mümkinçilikleri tapýarlar. Çuňňur ylmy derňewlere daýanýan eser ýurdumyzda barha kämilleşýän, dünýä ülňüleriniň derejesinde uly ösüşe eýe bolýan lukmançylyk işinde, şeýle-de ýurdumyzyň ösümlik dünýäsini ylmy esasda öwrenmek babatynda islendik okyjy üçin ygtybarly gollanma bolup hyzmat edýär. Bu ylmy eser ata Watanymyzda ylmy ösdürmekde, ýaşlarymyza mukaddes topragymyzda bitýän ösümlikler, ilkinji nobatda, dermanlyk ösümlikler barada ylmy maglumatlara esaslanýan bilimi bermekde bahasyna ýetip bolmajak gymmatly maslahatçy bolup durýar. Bu gymmatly ylmy işiň saglygy goraýyşda giňden peýdalanylmagy, olardaky ýurdumyzda ösýän dermanlyk ösümlikleriň peýdasynyň saglyk üçin örän ähmiýetlidigi baradaky ylmy garaýyşlaryň dünýä ýurtlarynda uly gyzyklanma döretmegi eziz Diýarymyzyň tebigatynda bitýän ösümlikleriň dermanlyk häsiýetleriniň bütin dünýäde ykrar edilmegidir.
Gahryman Arkadagymyzyň köp jiltli ylmy-ensiklopedik eseriniň sahypalarynda dermanlyk ösümlikleriň bejeriş aýratynlyklary, olary ylmy we halk lukmançylygynda peýdalanmagyň usullary barada giňişleýin gürrüň berilýär. Bu ylmy eseriň ylmy taýdan aýratyn wajypdygy farmasewtika ylmynyň ösdürilmegine, arassa çig mal esasynda ýokary hilli derman serişdeleriniň döredilmegine, lukmançylyk tejribesine gadymy ýörelgeleriň hem-de häzirki zaman innowasiýalaryň utgaşdyrylmagy, hususan-da fitoterapiýa we şypahana-dynç alyş bejergisinde oňyn täsir edýän derman serişdeleriniň döredilmegine ýardam edýändigidir.
Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly köp jiltli ylmy-ensiklopedik eseri türkmen ylmynyň, türkmen lukmançylygynyň ösmegine uly goşant bolmak bilen bilelikde umumadamzat gymmatlygy hökmünde hem uly ähmiýete eýedir. Bu kitabyň daşary ýurt dillerinde neşir edilmegi, onda giňişleýin häsiýetnama berilýän derman ösümlikleriň atlarynyň türkmençe, rusça we latynça sözlüginiň berilmegi onuň diňe bir biziň halkymyza däl, şonuň bilen birlikde dünýä halklaryna hem gymmatly ylmy sowgat boldy.
Berdimyrat ALLABERDIÝEW,
Lebap welaýat Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş merkeziniň newrologiýa bölüminiň lukmany.