Halkymyzyň arasynda dilden-dile geçip gelýän «Döwletli ogul — ojagyň gory», «Edep bergidir, bermedige görgüdir», «Gyzym öýde, gylygy daşarda» diýlen nakyllarymyz hem nesil terbiýesi bilen bagly asylly ýörelgelerimiziň dowamat-dowamdygyna güwä geçýär. Çaga terbiýesiniň inçe syrlary maşgala durmuşy bilen aýrylmaz bagly bolup durýar. Çünki perzent ilkinji görüm-göreldäni maşgalada ata-enesinden, özünden ululardan alýar.
Maşgala çaganyň dünýä inen gününden onuň ilkinji we ömürlik daýanjy, terbiýe mekdebidir. Bu barada parasatly pederlerimiz nesil terbiýesiniň ata-enäniň çagalaryna siňdirýän yhlasynyň miwesidigini nygtaýarlar. Şunda türkmen maşgalasynyň her bir agzasynyň aýratyn orny kesgitlenilip, ýaşuly we ýaşkiçi edebi, ula sylag, kiçä hormat goýmak ýaly edep kadalarynyň inçe ýollarynyň ýazylmadyk ahlak zerurlyklara öwrülendigini bellemek gerek. Çaga terbiýesinde ilki göze ilýän häsiýetleriň biriniň ýaşkiçiniň ýaşula goýýan sarpasy bolup durýandygyny halkymyzyň «Edebiň ýagşysy — salam bereni, ýakynlyk ýagşysy — baryp-geleni» diýen nakyly hem tassyklaýar.
Dünýä syrlaryny aňlamaga ömrüni bagyşlan dana pelsepeçiden sorapdyrlar:
— Adamzat nädip dowamat-dowam tapar?
Goja şeýle jogap beren:
— Nesilleri bilen.
Diýmek, nesiller bilen adamzat heňňamlardan aşyp, dowamat-dowam tapýar. Ähli döwürde-de islendik ösen jemgyýetiň ýaşlar meselesine biparh garalmandygy, megerem, şondandyr. Bu asylly ýörelge Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň alyp barýan döwlet syýasatynda aýratyn many-mazmuna eýe bolup, döwlet durmuşynyň her pursatynda mynasyp şöhlelenýär.
Ýurdumyzda ýaşlar üçin giň mümkinçilikleriň döredilýändigine hormatly Prezidentimiziň «Ýaşlar — Watanyň daýanjy» atly kitabynyň sahypalaryny açanyňda aýdyň göz ýetirmek bolýar. Döwlet Baştutanymyzyň birnäçe bölümden ybarat bolan bu ajaýyp kitaby parasatly pikir-garaýyşlary, ýaşlary täze üstünliklere ruhlandyryjy dürdäne sözleri özünde jemleýär. Bu neşir ýaşlaryň ylham çeşmesidir, her birimiz üçin kämil ýol-ýörelgedir, nusgalyk gollanmadyr.
Täze taryhy döwrümizde il-halkymyzyň bähbidine terbiýeli, bilimli nesilleri kemala getirip, belent sepgitlere, ösüşli menzillere gadam urmak biziň baş maksadymyzdyr. Hormatly Prezidentimiziň: «Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýen parasatly şygarynyň mazmuny bilen ajaýyp sazlaşygy emele getirjek beýik işler ata Watanymyzyň galkynyşlaryň, ruhy joşgunyň mekanydygyny äleme aýan eder.
Ogulbäbek AMANOWA,
Aşgabat şäheriniň 82-nji orta mekdebiniň müdiri.