Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýaş nesilleriň döwrebap we milli ruhda terbiýenmegine uly ähmiýet berilýär. Şu nukdaýnazardan, ýurdumyzyň mekdebe çenli çagalar edaralarynda hem körpeleriň sazlaşykly irki ösüşini we mekdebe taýýarlygyny ýokary derejede alyp barmak ugrundaky okuw-terbiýeçilik işleri guramaçylyk çäreler bilen utgaşykly alnyp barylýar.
Çagalaryň zehinlerini we ukyp-başarnyklaryny ösdürmek ugrundaky çäreleriň hatarynda yzygiderli geçirilýän bäsleşikleriň hem oňyn ähmiýetiniň bardygyny bellemek gerek. Çünki bäsleşiklere görnüşine görä taýýarlanmak, olarda ýerine ýetiriljek çykyşlaryň üsti bilen çagalaryň sözleýiş endiklerini ösdürmek, medeniýet we sungata söýgi döretmek, şeýle-de netijeleri arkaly höweslendirmek mümkinçiligi açylýar.
Aýratyn zehinli körpeleriň ýüze çykarylmagynda, olaryň sanynyň artdyrylmagynda ýokary ähmiýetli bäsleşikleriň biri hem çagalar baglarynyň körpeleriniň arasynda guralýan «Altyn aşygym alçy gop!» ady bilen geçirilýän bäsleşikdir. Ýakynda Mary şäheriñ 8-nji çagalar bakja-bagynda bu bäsleşigiñ şäher tapgyry guramaçylykly geçirildi. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda türkmen milli oýunlary esasynda geçirilýän bu bäsleşik baý mazmuna eýe boldy. Mary şäheriniň çagalar baglaryndan saýlanan çagalar toparlarynyň degişli şertleri üstünlikli berjaý etmekleri olaryň bäsleşige işjeň taýýarlyk görendiklerini ýüze çykardy.
Körpeleriň milli lybaslary, şahyrana setirleri çeper okaýyşlary, milli däplerden parçalar görkezip, olary wasp etmekleri döwrümiziň nesilleriniñ nusgawy terbiýeçilik ýörelgelerinde kemala getirilýändigini äşgär edýär.
Bilim-terbiýeçilik işgärleriniň adyndan bagtyýar nesilleriň ýokary watansöýüjilik, zähmetsöýerlik we işjeňlik ruhunda terbiýelenmeginde ähli mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyza hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyza egsilmez alkyşlar aýdýarys.
Aýna NURÝAGDYÝEWA,
Mary welaýat Baş bilim müdiriliginiň baş hünarmeni.