Ýurdumyzyň obasenagat toplumynyň ähli düzümlerinde amala aşyrylýan giň möçberli işler öz oňyn netijesini berip, oba hojalyk pudagynyň mümkinçilikleri we bu ugruň eksport kuwwaty ýokarlanýar. Bu bolsa pudagyň ylmy esasda ösdürilýändiginiň, oňa innowasion tehnologiýalaryň, iň gowy dünýä tejribesiniň ornaşdyrylýandygynyň subutnamasydyr. Şoňa görä-de, 16-17-nji oktýabrda Türkmen oba hojalyk institutynda «Agroinnowasiýalar: durnukly ösüşiň röwşen ýoly» atly halkara ylmy-taslama bäsleşiginiň geçirilmegi möhüm ähmiýete eýedir.
«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň esasy çäreleriniň birine öwrülen zehin bäsleşigine sanly ulgam arkaly gatnaşmak üçin ýurdumyzyň hem-de daşary ýurtlaryň ýokary okuw mekdepleriniň talyplary çagyryldy. Iki günläp dowam eden bäsleşigiň öňüsyrasynda Watanymyzyň ösüşlerini, milli ykdysadyýetimiziň möhüm ugry bolan oba hojalygy pudagynyň gazananlaryny şöhlelendirýän sergi guraldy. Soňra bäsleşik barada maglumatlary özünde jemleýän wideoşekiller görkezildi. Munuň özi umumy maksatlara ýetmek üçin ylmyň we bilimiň özara baglanyşygynyň aýdyň beýany boldy.
Bu halkara ylmy-taslama bäsleşigi BMG-niň Durnukly ösüş maksatlarynyň çäklerinde oba hojalygy pudagynda ýüze çykýan möhüm meseleleri öwrenmek we çözmek üçin talyplaryň ylmy garaýyşlaryny, ukyp-başarnyklaryny, döredijilikli çemeleşmelerini ösdürmäge gönükdirilip, ol iki tapgyrda geçirildi. Birinji tapgyrda tabşyrylan ähli ylmy-taslama işleri emin agzalarynyň topary tarapyndan içgin seljerildi. Ikinji tapgyrda eminleriň garamagyna oba hojalyk taslamalary (innowasion häsiýete eýe bolan ýa-da bar bolan görnüşlerden netijeliligi bilen tapawutlanýan oýlap tapyşlar), maglumat tehnologiýalary taslamalary (programma üpjünçiligi, şol sanda web hyzmatlar, mobil, desktop goşundylar, çat botlar) we işewürlik taslamalary (işewürlik meýilnamalary, maliýe resminamalary) ýaly ileri tutulýan ugurlaryň 3-si boýunça saýlanan iň gowy işleriň 150-si hödürlenildi. Hödürlenen işleriň üçden biri Russiýa Federasiýasy, Belarus, Özbegistan, Gazagystan, Gyrgyzystan, Täjigistan, Ýaponiýa, Botswana, Germaniýa ýaly 9 ýurtdan bolan 26 sany ýokary okuw mekdebiniň talyplarynyň işleridir. 100-e golaý iş bolsa ýurdumyzyň 16 sany ýokary okuw mekdebiniň talyplaryna degişlidir.
Bu giň gerimli bäsleşik pikir alyşmak we täze ylmy açyşlardyr oýlap tapyşlar üçin netijeli meýdança öwrüldi. Munuň özi ylymly-bilimli, giň dünýägaraýyşly ýaş alymlar üçin zehinini, ukyp-başarnyklaryny açyp görkezmäge, dünýä derejesinde özüni ykrar etdirmäge ajaýyp mümkinçilikdir. Tejribe, bilim, tehnologiýalar boýunça alyşmalar azyk howpsuzlygyny, oba ýerleriniň durnukly ösüşini üpjün etmekde täze çemeleşmeleri hem-de çözgütleri tapmaga mümkinçilik berýär. Şunuň bilen baglylykda, bäsleşige hödürlenen taslamalaryň ýaşlary oba hojalygy pudagynda we ylmynda has uly üstünliklere ýetmäge höweslendirjekdigine ynam bildirildi.
Innowasion ösüş we täze tehnologiýalary ornaşdyrmak ýoluna düşen ýurdumyzda ýokary derejeli, hemmetaraplaýyn kämil bilimli hünärmenleri ýetişdirýän ýokary hilli bilim ulgamy kemala gelýär. Gahryman Arkadagymyz tarapyndan başy başlanan we häzirki wagtda Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilýän özgertmeler milli bilim ulgamyny dünýä derejesine çykarmaga gönükdirilendir. Şunuň bilen baglylykda, zehinli ýaşlaryň gyzyklanmalarynyň artdyrylmagyna, möhüm ylmy barlaglary alyp barmak üçin şertleri döretmäge, geljegi uly ugurlarda olaryň gözýetimini giňeltmäge aýratyn üns berilýär.
Röwşen BABAGULYÝEW,
Türkmen oba hojalyk institutynyň Weterinar lukmançylygy fakultetiniň 3-nji ýyl talyby.