Adamzat jemgyýetiniň ösüşi ylym-bilim bilen özara baglanyşyklydyr. Garaşsyz, hemişelik Bitarap ýurdumyzda ylym we bilim döwletimiziň güýç-kuwwatyny hem-de mümkinçiliklerini artdyrýan esasy serişde, jemgyýetimiziň hereketlendiriji güýjüdir. Ylym-bilim pudagynyň işini kämilleşdirmek, bu işi häzirki zamanyň talaplary esasynda ýola goýmak bilen baglanyşykly guramaçylyk, hukuk, kanunçylyk çäreleriniň uly tapgyry amala aşyrylýar. 2020-nji ýylyň 4-nji dekabrynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen tassyklanan Türkmenistanda tebigy we takyk ylmy ugurlara degişli dersleri okatmagy kämilleşdirmegiň Konsepsiýasy we Konsepsiýany amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň Meýilnamasy munuň aýdyň görkezijisidir.
Bu resminama Türkmenistanyň umumybilim maksatnamasynyň çäklerinde, şeýle hem mekdebe çenli çagalar edaralarynda bilim almagyň döwlet bilim standartlarynyň talaplaryna laýyklykda, bilimiň basgançaklarynda tebigy we takyk ylmy ugurly dersleri okatmagyň maksatlaryny, wezipelerini we usulyýetini döwrebaplaşdyrmagyň häzirki zaman çemeleşmelerine, şeýle hem bu dersleri okatmagyň milli tejribesine, halkara ölçeglerine laýyklygyny kesgitleýär. Şeýle hem sanly ulgamyň mümkinçiliklerinden peýdalanyp, tebigy we takyk ylmy ugurly dersleri okatmagyň mazmunyny baýlaşdyrmak, hilini has-da ýokarlandyrmak we usulyýetini döwrebaplaşdyrmak, bu ugurda jemgyýetiň bähbitlerini goramaga taýýar, bilimli, döredijilikli, häzirki zaman ylmy-inženerçilik pikirli şahsyýetleri kemala getirmek we ösdürmek Konsepsiýanyň esasy maksady bolup durýar.
Mekdebe çenli çagalar edaralarynda çagalaryň öwrenijilik işjeňliginiň, ukybynyň, özbaşdak pikirleniş endikleriniň ösmegini gazanmak, okatmakda innowasiýalary, sanly bilim tehnologiýalaryny okuw-terbiýeçilik işine giňden ornaşdyrmak tebigy we takyk ylmy ugurly dersleri döwrebap okatmagyň esasy ugurlarydyr. Tebigy we takyk ylmy ugurly derslerde berilýän bilimiň dünýä ölçeglerine laýyk gelmegini üpjün etmek bilim işgärleriniň esasy wezipeleriniň biridir.
Eziz Watanymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmeginiň, agzybir halkymyzyň bagtyýar durmuşda ýaşamagynyň hatyrasyna tutumly işleri alyp barýan, milli bilim ulgamynyň usulyýet goruny baýlaşdyrmaga, okamak, öwrenmek üçin çeşmeleri artdyrmaga uly ähmiýet berýän Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, belent başlary aman bolsun!
Gurbanjemal ANNAMYRADOWA,
Ak bugdaý etrabynyň 12-nji çagalar bagynyň terbiýeçisi.