Siziň üçin...

Ynsanyň wepaly dosty

18-10-2024 / 41

2024-nji ýylyň 16-njy oktýabrynda Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynda Türkmen alabaýynyň baýramy mynasybetli “Türkmen alabaýy” atly döredijilik sergisi geçirildi. Bu sergide sungat ojagymyzda uly höwes bilen bilim alýan talyp ýaşlar özleriniň ajaýyp zehininden döreden sungat eserlerini görkezdiler.

Sungatyň dürli görnüşlerinde şekillendirilen türkmen alabaýlarynyň keşbinde wepalylyk we gaýduwsyzlyk ýaly duýgulary suratlandyrylypdyr. Her bir eserde türkmen alabaýynyň keşbini çeperçilik taýdan şekillendirmek üçin, ýaş zehinli talyplaryň özüniň toplan milli tejribesinden ugur alandygy görünýär. Şeýle-de eserleri synlanyňda türkmen halkynyň oba durmuşynda çopanlaryň öz bakýan sürüsiniň otlap ýören pursatyny hem-de alabaýyň kiçi çagalary bilen Garagum çölünde ylgaşlap ýören pursatyny milli öwüşgünli reňk bilen sazlaşdyrylyp ýerine ýtirilipdir.

Şeýle ajaýyp zamanamyzda milli şekillendiriş sungatymyzy öwrenmäge uly mümkinçilikleri döredip berýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza hem-de hormatly Prezidentimize, Arkadagly Gahryman Serdarymyza köp sagbolsun aýdýarys. Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, alyp barýan döwlet ähmiýetli işleri hemişe rowaçlyklara beslensin!

Tawus GARAJAÝEWA,
Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň Ylym bölüminiň uly ylmy işgäri.

Ünsüňizi çekip biler

Başa dön tuşu