Siziň üçin...

Haýyr işler sogaba eltýär

17-10-2024 / 20

Durmuş tejribesi ýetik ynsanlaryň: «Eger günüň başyny haýyr bilen başlasaň, tä soňuna çenli şol gün haýyrly bolýar» ýa-da «Kimde-kim gowy, haýyr iş etse oňa şol eden haýyr işi üçin on esse ýa-da şonuň ýaly haýyr gaýdyp gelýändir» diýen ýaly sözlerini ýygy-ýygydan eşidýäris. Hakykatdanam, haýyr iş eden adamy göreniňde kalbyň şatlykdan dolýar. Şunda Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň alyp barýan işleri buýsanjyňy artdyrýar.

Türkmen halkynyň Milli Lideriniň ýaş nesle milli terbiýeçilik ýörelgelerimiziň iň ýagşylaryny görkezip, her bir sogap saýylýan işiň başyny başlap bermegi nusgalyk häsiýete eýedir. Ynsanperwerlige ýugrulan milli ýörelgelerimiz hormatly Prezidentimiziň alyp barýan döwlet syýasatynyň hem düýp özenini düzýär. Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň yzygiderli tagallalary netijesinde, gaznanyň müdiriýeti tarapyndan asylly, sahawatly işler amala aşyryldy. Gaznanyň serişdeleriniň hasabyna ýurdumyz boýunça näsag çagalaryň ýüzlerçesine degişli operasiýalar geçirildi. Howandarlyga mätäç çagalara birnäçe keseller boýunça bejergiler amala aşyryldy we saglygy goraýyş, öňüni alyş-anyklaýyş çäreleri geçirildi. Mundan başga-da, mätäçlik çekýänler üçin lukmançylyk serişdeleri satyn alyndy. Gazna tarapyndan ýurdumyzyň welaýatlarynyň etrap, şäher hassahanalarynyň çagalar bölümlerine döwrebap enjamlar bilen üpjün edilen «Tiz kömek» awtoulaglarynyň sowgat berilmegi has-da buýsandyrýar. Gaznanyň ýanynda döredilen Ýaşulular geňeşiniň agzalary çagalaryň ilhalar, watansöýüji bolup ýetişmegi üçin zerur çäreleriň geçirilmegine işjeň gatnaşýar. Munuň özi ýurdumyzda sahawatly däp-dessurlarymyzyň, «Döwlet adam üçindir!» hem-de «Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýen ajaýyp ýörelgelerimiziň dabaralanýandygynyň aýdyň beýanydyr.

Geçen ýylyň 16-njy iýunynda — Arkadag şäheriniň ikinji tapgyrynyň düýbüniň tutulan gününde ýurdumyzda «Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy» atly täze kitap çapdan çykdy. Türkmen, iňlis we rus dillerinde neşir edilen bu kitabyň «Durmuşyň gymmaty — saglyk» bölüminde şeýle diýilýär: «Hemaýat etmek özüňden özgelere mähribanlygy eçilmekdir, olaryň depesini göge ýetirjek sowgatlaryny bermek bilen, arzuwlaryny hakykat ýüzünde amala aşyrmakdyr». Bu ynsanperwer düşünjelere ýugrulan Milli Liderimiziň ähli asylly başlangyçlary türkmen jemgyýetiniň köpasyrlyk parasatly hem-de ruhy-ahlak sütünleriniň mynasyp dowamydyr.

Ýurdumyzda ýagşy işlere goşant goşýan adamlaryň sarpasy hem belent tutulýar. Geçen ýyl Türkmenistanyň «Arkadag» medalynyň döredilip, bu abraýly sylag bilen saglygy goraýyş, ynsanperwerlik, haýyr-sahawat işleriniň ösüşine uly goşant goşan adamlaryň sylaglanmagy ulus-ilimiziň gyzgyn goldawyna mynasyp boldy. Ilkinji nobatda hem «Arkadag» medalynyň Arkadagly Gahryman Serdarymyza gowşurylmagy halkymyzy has-da buýsandyrdy. Medalyň keşbi hökmünde Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň nyşanynyň saýlanyp alynmagy, onda el-ele berip duran, milli lybaslarda al-elwan öwüşginlerdäki çagalaryň şekilleriniň bolmagy sylagyň bütin many-mazmunyny açyp görkezýär.

Ata Watanymyzda bagtyýar çagalar aýratyn üns-alada bilen gurşalyp alynýar. Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ynsanperwerlik ýoly geljekde hem uly rowaçlyklara beslensin!

Merjen ATAÝEWA,
Berdimuhamet Annaýew adyndaky Arkadag şäher mugallymçylyk orta hünär okuw mekdebiniň mugallymy.

Ünsüňizi çekip biler

Başa dön tuşu