Milli ulag ulgamynyň ösdürilmegi, bir tarapdan, ykdysadyýetimiziň durnukly ösüşine saldamly goşant goşýan bolsa, beýleki tarapdan, ýurdumyzyň ählumumy ykdysady ulgamdaky ornuny berkitmäge mümkinçilik döredýär. Birleşen Milletler Guramasy we beýleki abraýly halkara guramalar bilen köpugurly hyzmatdaşlyk alyp barýan Bitarap Türkmenistan bütindünýä ulag düzümine işjeň goşulýar. Gadymy Beýik Ýüpek ýolunyň häzirki zaman görnüşinde täzeden dikeldilmegine işjeň gatnaşýan Türkmenistanyň barha kämilleşdirilýän ulag düzümi oňa sebitara ulag-logistika merkezi hökmünde çykyş etmäge şert döredýär.
Ulag pudagynda bar bolan ägirt uly kuwwatdan netijeli peýdalanmak maksady bilen, Maryda, Balkanabatda, Daşoguzda, Türkmenabatda gurlan ýolagçy terminallary, Türkmenbaşy Halkara deňiz porty, Amyderýanyň üstünden geçýän awtomobil we demir ýol köprüleri, Aşgabat, Türkmenbaşy, Türkmenabat, Kerki Halkara howa menzilleri ýurdumyzyň bu ugra gönükdiren iri maýa goýumlarynyň netijesidir. Bulardan başga-da, uçarlar, ýolagçy awtobuslary, otlular, gämiler, ýeňil we ýük awtoulaglary yzygiderli satyn alynýar. Hazaryň türkmen kenaryndaky Halkara deňiz porty häzirki döwürde diňe bir ýurdumyzyň däl, eýsem, tutuş Merkezi Aziýanyň hem deňiz derwezesi hasaplanýar. Garabogazköl aýlagynyň üstünden geçýän Türkmenbaşy — Garabogaz — Gazagystan serhedi awtoulag ýolunyň we köpriniň işe girizilmegi goňşy ýurtlaryň arasyndaky söwda gatnaşyklaryny ösdürmäge, ýük dolanyşygynyň möçberlerini artdyrmaga mümkinçilik berer.
Milli we ýerli harytlary dünýä bazarlarynda çalt ýerlemegi üpjün etmäge mümkinçilik berýän ulag ulgamynyň bolmagy ýurdumyzda bazar ykdysadyýetini ösdürmegiň, önümçilik-tehniki binýady pugtalandyrmagyň esasy şertleriniň biri bolup durýar. Hut şu nukdaýnazardan, Türkmenistan Merkezi Aziýany Hazar, Gara deňiz we Baltika sebitleri, Orta we Ýakyn Gündogar, Günorta we Günorta-Gündogar Aziýa bilen birleşdirýän täze geoykdysady giňişligiň binýadyny döretmegiň, ýagny Ýewraziýa multimodal üstaşyr ulag taslamalaryny durmuşa geçirmegiň tarapdary bolup çykyş edýär. Türkmenistanyň 2023-nji ýylda TRACECA ulag geçelgesini ösdürmek baradaky Ylalaşyga resmi taýdan goşulmagynyň esasy maksady hem Ýewropa bilen Aziýa sebitlerinde netijeli, durnukly we howpsuz ulag gatnawlaryny ösdürmekden ybaratdyr.
Türkmenistan Ýewraziýanyň giňişliginde ýük daşamakda möhüm hyzmatdaşa öwrülmegi maksat edinýär. Üstaşyr ulag-kommunikasiýalar ulgamy babatda döwlet tarapyndan öňe sürülýän başlangyçlar Demirgazyk — Günorta we Gündogar — Günbatar ulag geçelgeleri boýunça ýük daşamalary artdyrmaga niýetlenendir. Bu babatda, ýagny sebitiň Ýewraziýa ulag ulgamyna işjeň goşulyşmagy meselesinde Aşgabat — Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň doly işe girizilenden soňra, uly ähmiýete eýe boljakdygy şübhesizdir. 17-nji aprelde hormatly Prezidentimiziň gatnaşmagynda Aşgabat — Türkmenabat awtobanynyň Tejen — Mary böleginiň işe girizilmegi-de munuň şeýle boljakdygyny we ýurdumyzda ulag-kommunikasiýa ulgamyny kämilleşdirmäge aýratyn üns berilýändigini görkezýär.
Uzynlygy 600 kilometre deň bolan ýokary tizlikli Aşgabat — Türkmenabat awtomobil ýoly üstaşyr ulag gatnawlarynyň Aziýa — Ýuwaş umman sebitine çenli uzalyp gidýän awtomobil ýollarynyň köpşahaly ulgamyna çalt çykmagyna mümkinçilik berer. Ol ýük awtoulaglaryna Türkmenbaşy Halkara deňiz porty arkaly Hazar deňziniň üsti bilen Russiýanyň günorta, Eýranyň demirgazyk sebitlerine, Kawkaza, Ýewropa, Pars we Oman aýlaglaryna çykmaga şert döreder. Şeýlelikde, sebitiň günorta we gündogar ugurlar boýunça halkara ulag ulgamyna goşulyşmagy üçin Aşgabat — Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýoly multimodal logistika ulgamynyň möhüm bölegine öwrüler
Nurgeldi ORAZOW,
Türkmenistanyň Inženertehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň Demir ýol ulaglary fakultetiniň talyby.
Mugallym: Umbar AMANDURDYÝEW.