Watanymyzyň tebigatynyň baýlyklaryny we gözelligini aýawly saklamak hem-de artdyrmak, daşky gurşawy, ilatyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini has-da gowulandyrmak, ekologik ugurly ykdysadyýeti, bäsdeşlige ukyply önümçiligi ösdürmegiň döwrebap nusgasyny döretmek Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Gahryman Arkadagymyzyň durnukly ösüşi we ekologik abadançylygy üpjün etmek boýunça başyny başlan işleri häzirki wagtda Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilýär.
Ekologiýa – bu ylmyň daşky gurşawy öwrenýän ugry bolup, ol özünde köp ugurlary jemleýär. Daşky gurşaw – bu biziň ýaşaýan öýümiz bolup, her birimiz ony goramaga borçludyrys. Şol sebäpli hem ýaş nesillerde daşky gurşawy goramak endiklerini kemala getirmek, ekologiki dersleri çuňlaşdyryp öwretmek möhümdir. Çünki tutuş planetanyň geljegi ýaş nesliň kämil ekologiki medeniýetine baglydyr.
Ýüze çykýan global ekologiki meseleleri dünýä derejesinde bilelikdäki tagallalar bilen çözmeklik mümkin. Ýöne islendik adam öz ýaşaýan ýeriniň ekologiýasyny gowulandyrmak bilen bu ugra özboluşly goşant goşup biler. Galyberse-de, ilatyň ekologiki medeniýetini ösdürmek, tebigy gurşawa aýawly çemeleşmek tutuş adamzadyň saglygynyň hem-de howpsuz geljeginiň açarydyr.
Türkmenistan baý we täsin ösümlikdir haýwanat dünýäsi bilen tapawutlanýar. Tebigatyň eçilen bu ajaýyp gözelligini gorap saklamak, ylmy taýdan çuňňur öwrenmek we geljekki nesillere ýetirmek häzirki döwrüň esasy aýratynlygydyr. Şu jähetden hem ýurdumyz bagy-bossanlyga bürenýär, tebigat bilen sazlaşykda ýaşamaga yhlas edilýär, tebigaty goramak babatda durmuşa geçirilýän işler barha rowaçlanýar. Döwletimiziň «ýaşyl” syýasaty, şol sanda ýurdumyzyň ähli künjegini gurşap alan bag ekmek maksatnamasy ekologiýa howpsuzlygyny üpjün etmäge, daşky gurşawy goramaga, biodürlüligi saklamaga hem-de rejeli peýdalanmaga gönükdirilendir.
Ýurdumyzda her ýyl saýaly we pürli agaçlaryň, gülleriň nahallaryny oturtmak indi halkymyz üçin asylly däp boldy. Bu ýörelgä türkmenistanlylar uly höwes bilen eýerýärler. Türkmenistanyň Milli tokaý maksatnamasyna laýyklykda, Aralýaka sebitiň ekologiýa ýagdaýyny gowulandyrmak maksady bilen, Daşoguz we Lebap welaýatlarynda tokaý zolaklaryny döretmek göz öňünde tutulýar. Hemişelik Bitaraplygymyzyň 25 ýyllygynyň hormatyna Aşgabadyň daş-töwereginde hem-de welaýatlarda 25 million agaç nahallary we üzüm ekilen bolsa, Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllygy mynasybetli 30 million düýp nahal oturdyldy. 2020-nji ýylda ýurdumyzyň BMG-niň Ýewropa ykdysady komissiýasy tarapyndan yglan edilen “Şäherlerdäki baglar” atly halkara maksatnamasyna goşulmagy daşky gurşawy goramak hem-de ekologiýa abadançylygyny üpjün etmek boýunça geçirilýän giň gerimli işleriň oňyn netijesidir.
Adam tebigat bilen sazlaşykly ýaşaýar. Ol — tebigatyň aýrylmaz bölegi. Şeýle bolansoň, tebigaty aýawly saklamak her bir ynsanyň mukaddes borjy, şol sanda, wezipesi, hukugy.
Azat ÇARGULYÝEW,
Berdimuhamet Annaýew adyndaky Arkadag şäher mugallymçylyk orta hünär okuw mekdebiniň mugallymy.