Siziň üçin...

Magtymguly Pyragynyň terbiýeçilik mekdebi

Iş tejribeden

16-10-2024 / 58

Halkymyz ýaş nesilleri hemişe milli ruhda terbiýelemek bilen, olary ilhalar, ynsanperwer, düşünjeli we baý gözýetimli ruhda kemala getirýär. Ýaş nesilleriň sagdyn ruhly, edep-terbiýeli, ýokary medeniýetli, arassa ahlakly kemala gelmeginde bolsa milli däplerimiziň, halk döredijiliginiň, Gahryman Arkadagymyzyň hem-de hormatly Prezidentimiziň eserleriniň, Magtymguly Pyragynyň döredijiliginiň oňyn ähmiýeti bardyr.

Biz muny öz alyp barýan işlerimizde has aýdyň görýäris. Geçýän sapaklarymyzda we terbiýeçilik işlerimizde türkmeniň nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň eserlerine ýüzlenmek bilen, körpelerimizi milli ruhda ýetişdirmäge çalyşýarys. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda bolsa bu ugurdaky işlerimiz giň gerime eýe boldy. Çagalar bakja-bagymyzda bilim işgärleri bolup, şanly ýylymyzyň şygary hem-de akyldar şahyryň doglan senesiniň 300 ýyllygy mynasybetli birnäçe çäreleri guraýarys, okuw-terbiýeçilik işlerimizde syýasy ýörelgelere we terbiýe mekdebi bolan Magtymguly Pyragynyň ajaýyp döredijiligine ýüzlenýäris.

Bu ugurda degişli iş meýilnamasy esasynda usuly sagatlar, göreldeli sapaklar, döredijilik duşuşyklary geçirlýär. Olara gatnaşmak bilen körpe nesle mekdebe çenli çagalar edaralarynda beýik şahyryň döredijiligini ündemek boýunça tejribeleri alyşýarys.

Sapaklarymyzyň guramaçylyk döwründe ýylymyzyň şygaryna ýüzlenmek bilen, bu ugurda geçirilýän çäreleri wagyz edýäris. Sapaklarymyzda pasyllary, tebigaty, durmuşy, edep-terbiýeliligi düşündirmekde şahyryň şygyr bentlerinden mysallar getirýäris. Şeýle-de bu ugurdaky okuw-terbiýeçilik işlerimizde elektron görkezme serişdelerinden, sanly ulgamyň mümkinçiliklerinden ýerlikli peýdalanýarys.

Çagalaryň ýaş aýratynlyklaryna görä, ussat şahyryň şygyr bentlerinden öwredip, olaryň çagalar bakja-bagymyzda geçirilýän baýramçylyklarda çykyş etmeklerini gazanýarys. Ýeri gelende, şeýle işlere ähli körpeler bilen birlikde Meňli Döwletowa, Hasan Sapardurdyýew, Nesibe Maksadowa, Eziz Tejenow ýaly çagalaryň has işjeň gatnaşýandyklaryny bellemek bolar. Zehinli körpelerimiziň şygyr bentlerini ýat tutup, labyzlyk okamaklary olaryň sözleýiş dilini ösdürmäge, düşünjelerini giňeltmäge we aň ösüşini berkitmäge itergi berýär.

Garaşsyz ýurdumyzda bagtyýar çagalaryň ählitaraplaýyn sazlaşykly ösmegi, bilim-terbiýeçilik işleriniň pugtalandyrylmagy hem-de türkmeniň nusgawy şahsyýetleriniň sarpalanmagy ugrunda uly aladalary edip, asylly işleri bilen belent görelde görkezýän Gahryman Arkadagymyza hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyza egsilmez alkyşlar aýdýarys.

Läle HUDAÝGULYÝEWA,
Mary şäherindäki 29-njy çagalar bakja-bagynyň terbiýeçisi, TDP-niň işjeň agzasy.

Ünsüňizi çekip biler

Başa dön tuşu