Häzirki wagtda ýurdumyzda sanly ykdysadyýete geçmek, şol sanda bu ulgamy kadalaşdyryş-hukuk ýagdaýy bilen üpjün etmek boýunça maksatnamalaýyn işler alnyp barylýar. Şeýlelikde, «Aragatnaşyk hakynda», «Türkmenistanda internet torunyň ösüşini we internet-hyzmatlaryny etmegi hukuk taýdan düzgünleşdirmek hakynda», «Maglumat we ony goramak hakynda», «Şahsy durmuş barada maglumat we ony goramak hakynda», «Kiberhowpsuzlyk hakynda», «Elektron resminama, elektron resminama dolanyşygy we sanly hyzmatlar hakynda» hem-de beýleki Türkmenistanyň Kanunlary kabul edildi.
Gahryman Arkadagymyzyň Karary bilen, Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasynyň tassyklanandygyny bellemek gerek. Konsepsiýa ykdysadyýetiň ähli pudaklarynyň we ýurdumyzyň jemgyýetçilik edaralarynyň işiniň netijeliligini maglumat tehnologiýalaryny ulanmagyň hasabyna ýokarlandyrmaga gönükdirilendir. Şeýlelikde, ýurdumyzda sanly ykdysadyýete geçmek üçin zerur bolan düzüm döredildi.
Ylmyň we tehnologiýalaryň ösüşine, halkymyzyň aň-bilim derejesiniň ýokarlanmagyna uly üns berilýär. Talyp ýaşlarymyzyň bilimli, giň dünýägaraýyşly, watansöýüji, maksadaokgunly we zähmetsöýer bolup ýetişmekleri hem-de häzirki zaman innowasion tehnologiýalardan gowy baş çykarmaklary üçin uly işler amala aşyrylýar. Häzirki wagtda döwrüň talaby ýokary bilimli ökde hünärmenleri taýýarlamakdan ybarat. Şahsyýetiň giň dünýägaraýyşly bolup ösmeginde ylmy işlerden baş çykarmagy möhümdir. Kompýuter sowatlylygy şahsyýetiň düşünjesiniň aýratynlyklaryny şertlendirýär. Bu sowatlylyk şahsyýetde başarjaňlygy, işjeňligi, tutanýerliligi we giň dünýägaraýşy kemala getirýär.
Kompýuter sowatlylygynyň esasy maksady şahsyýetde bilimi kämilleşdirmekden, bilimleriň esaslaryny öwrenmekden we öwretmekden ybaratdyr. Häzirki wagtda bilimi kämilleşdirmekde dürli usullardan peýdalanylýar. Şahsyýetiň şahsy aýratynlyklaryny göz öňünde tutup öwretmek esasy ugurdyr. Şahsyýetiň aň-düşünjesiniň kemala gelmeginde onuň bilimini, başarjaňlygyny ösdürmek zerurdyr. Bu bolsa bilim bermegiň bir usulydyr. Bilimi özbaşdak almagyň başarnyklaryny, täze meseleleri kesgitlemek we çözmek, alternatiw çözüwleri teklip etmek we olara düşünmek bolsa kompýuter sowatlylygynyň esasynda amala aşyrylýar.
Selbi ESENOWA,
Türkmen oba hojalyk institutynyň Weterinar lukmançylygy fakultetiniň Maglumat howpsuzlygynyň menejmenti taýýarlyk ugrunyň 3-nji ýyl talyby.