SliderTehnologiýa

Dünýädäki ilkinji uçýan awtomobiller zawodynyň gurluşygy başlandy

05-11-2024 / 387

Hytaýyň Guandun prowinsiýasynda dünýädäki ilkinji uçýan awtomobilleri öndürjek bazanyň gurluşygy başlandy. Bu hakda «Sinhua» agentligi habar berýär.

Guançjou şäherindäki baza «Xpeng Aeroht» kompaniýasynyň buýurtmasy bilen gurulýar. Kompaniýanyň maglumatlaryna görä, 180 müň kwadrat metr meýdany eýeleýän bu zawodyň gurluşygy tapgyrma-tapgyr amala aşyrylar. Bu taslamanyň geljekki kuwwaty ýylda 10 müň sany awtomobil işläp çykarmaga ukyplydyr.

«Xpeng Aeroht» kompaniýasynyň esaslandyryjysy Chjao Deli-niň aýtmagyna görä, 2024-nji ýylyň sentýabr aýynda uçýan awtomobiliň ilkinji modeli ilkinji uçuşyny amala aşyrdy. Şeýle maşynlaryň deslapky söwdasy ýylyň ahyrynda başlanar.

Resmi söwda entek başlanmadyk bolsa-da, kompaniýa eýýäm önüm üçin öňünden 1000-den gowrak buýurtmalary kabul etdi.

«TürkmenGazet».

Ünsüňizi çekip biler

Başa dön tuşu