Kanunçylyk

Kiberhowpsuzlyk ― maglumatlaryň goraglylygynyň kepili

14-10-2024 / 30

Ylmy-tehniki ösüşiň netijesinde tehnologiýalaryň kämilleşmegi ynsan durmuşyny görnetin ýeňilleşdirdi. Maglumat-aragatnaşyk tehnologiýalarynyň ösüşi ozal görlüp-eşidilmedik mümkinçilikleri açýar. Şonuň üçinem maglumatlaryň ygtybarly goralmagy döwletiň hem-de jemgyýetiň abadançylygynyň esasy şertleriniň biridir. Maglumatlary goramak bolsa «kiberhowpsuzlyk» diýlip atlandyrylýan ýörite ylma öwrüldi.

Kiberhowpsuzlyk — munuň özi internete birikdirilen enjamlaryň, programma üpjünçiliginiň we maglumatlaryň sanly dünýädäki howplardan goralmagydyr. Bu gün kiberhowpsuzlygyň gazananlary her bir adamyň şahsy maglumatlaryny goramakdan başlap, işewürlik we ylmy syrlary goramak, edara-kärhanalaryň hem-de gulluklaryň kadaly işini üpjün etmek ýaly köp ugurlarda peýdalanylýar.

Häzirki wagtda ýurdumyzda sanly ulgamy ornaşdyrmak bilen birlikde maglumat howpsuzlygyny üpjün etmekde-de netijeli işler durmuşa geçirilýär. Maglumat howpsuzlygynyň maddy-enjamlaýyn we kanunçylyk binýadynyň yzygiderli berkidilmeginiň çäklerinde ýurdumyzyň ministrliklerinde we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynda, şeýle hem olaryň garamagyndaky düzümlerde, ýerine ýetiriji häkimiýetiň ýerli edaralarynda maglumat-aragatnaşyk ulgamlarynyň kiberhowpsuzlygyny üpjün etmek maksady bilen, Sanly ulgam merkeziniň we «Türkmenaragatnaşyk» agentliginiň ýanyndaky Döwlet kiberhowpsuzlyk gullugynyň işi ýola goýlup, döwrüň talabyna laýyklykda yzygiderli kämilleşdirilýär. «Aragatnaşyk hakynda», «Türkmenistanda internet torunyň ösüşini we internet hyzmatlaryny etmegi hukuk taýdan düzgünleşdirmek hakynda», «Maglumat we ony goramak hakynda», «Şahsy durmuş barada maglumat we ony goramak hakynda», «Kiberhowpsuzlyk hakynda», «Elektron resminama, elektron resminama dolanyşygy we sanly hyzmatlar hakynda» Türkmenistanyň Kanunlarynyň kabul edilmegi degişli ugruň hukuk binýadyny pugtalandyrmaga ýardam etdi. «Kiberhowpsuzlyk hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň internet ulgamyndaky wehimleriň öňüni almakda, jemgyýetçilik düzgün-tertibiniň, guramalaryň we raýatlaryň kanuny hukuklarynyň hem-de bähbitleriniň üpjün edilmeginde ähmiýeti uludyr.

Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy boýunça «Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasynyň» kabul edilmegi sanly ykdysadyýete geçilmeginiň maýa goýum işjeňliginiň, döwlet dolandyryş ulgamyna öňdebaryjy tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagynyň, täze iş orunlarynyň döredilmeginiň ösüşini üpjün etdi. Bu Konsepsiýa maglumat tehnologiýalaryny ulanmak arkaly ykdysadyýetiň ähli pudaklarynyň hem-de jemgyýetçilik edaralarynyň işiniň netijeliligini ýokarlandyrmaga gönükdirilendir.

Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda döwrüň talabyndan ugur alnyp, sanly ulgamy ösdürmek we maglumat howpsuzlygyny üpjün etmek boýunça amala aşyrylýan işler ýurdumyzyň sazlaşykly ösüşiniň, jemgyýetiň abadançylygynyň güwäsidir.

Şamuhammet JUMEŞOW,
Türkmenistanyň Adalat ministrliginiň Daşoguz welaýat RÝNÝ bölüminiň Maglumat tehnologiýalary (IT) boýunça baş hünärmeni.

Ünsüňizi çekip biler

Başa dön tuşu