Siziň üçin...

Zygyrlar maşgalasynyň meşhur urugy

15-10-2024 / 215

Dag-derman ösümligi bolan Türkmen zygyry zygyrlar maşgalasynyň adybir urugynyň boýy 20 ― 40 santimetre ýetýän köpýyllyk otjumak wekilidir.

Ösümligiň köki dik agaçlaşan, baldagy has köp sanly, inçe, syratly we az şahaly. Ýapraklary çyzykly, ujy çowly, çalymtyl reňkli, ýiti, üç damarly we uzynlygy 2 santimetr. Gülleriniň gabarasy 3 santimetr. Ýitileşen okara ýaprajyklarynyň uzynlygy, takmynan 5 millimetr. Gyralary ak perdeli. Ol ülkämizde deňiz derejesinden 1600 ― 2800 metr belentlikde bitýär.

Ösümlik maý-iýun aýynda gülleýär iýun-iýul aýlarynda bolsa miweleýär. Ol tohum arkaly köpelýär. Türkmen zygyry Merkezi Köpetdagda, Çopandagda duşýar we ýurdumyzdaky has seýrek ösümlikleriň hataryna girýär. Zygyr oty we ýapraklary ösümlik gülleýän döwründe (maý-iýun) tohumyny doly bişende iýul aýunda ýygnamaly. Halk lukmançylygynda bu ösümlik sowuklamanyň we soguljanyň garşysyna, ýulmaýjy, ýumşadyjy, iç sürüji we diuretiki derman serişde hökmünde ulanylýar. Mundan başga-da, ösümlik ýokanç kesellerde, newrasteniýada, dem alyş ulgamynyň kesellerinde, bronhitlerde, gaýtalanyp durýan bognagyryda, newralgiýada giňden ulanylýar.

Türkmen zygyrynyň 1 nahar çemçe (15 gr) owradylan otuny 1 bulgur (200ml) gaýnag suwa atyp, syrçaly gapda haýal otda 10 minut gaýnatmaly. Soňra sowadyp süzmeli we her gün 3 gezek nahardan 30 minut öň 1/3 bulgurdan (75 ml) içmeli.

Nursoltan MYRADOWA,
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň Dokma önümçiligi fakultetiniň uly mugallymy.

Ünsüňizi çekip biler

Başa dön tuşu